Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýemen bilen Siriýada ýagdaýlar dartgynly


Ýemende hökümete garşy toparlar Juma namazyndan soň köçelere çykdylar, Sana, 1-nji aprel.
Ýemende hökümete garşy toparlar Juma namazyndan soň köçelere çykdylar, Sana, 1-nji aprel.

Ýemen bilen Siriýada ýene protestler başlandy we gazaply hereketleriň bolmagyna garaşylýar. Ýemende hökümete garşy toparlar hem-de hökümetiň tarapdarlary şu gün demonstrasiýa geçirýärler. Siriýada hem reformaçylar adamlary tutuş ýurtda täze protestlere çagyrdylar.

Öten anna güni hem Ýemende prezident Ali Abdullah Salehiň tarapdarlary we opponentleri müňlerçe bolup, ýanba-ýan diýen ýaly paýtagt Sananyň köçelerinde ýöriş geçirdiler. Bu ýörişlerde esgerler duýduryş üçin ok atdylar, ýöne başga gazaply hereketler bolmady.

Bu gün režime garşy toparlar, aýratyn-da ýaşlar, ýene oppozisiýanyň düşelgesine öwrülen meýdança tarap barýarlar. Bu meýdançanyň daşynda protestçileriň tarapyna geçen general Ali Mohsen al-Ahmaryň goşun birikmleri garawyllyk edýär.

Ýemeniň prezidenti Ali Abdullah Saleh tarapdarlaryna salam berýär, Sana, 1-nji aprel.
18-nji martda Ýemeniň prezidentine degişli güýçler 52 demonstranty öldürensoň, Salehiň režiminden ýüz öwrüp, protestçileriň tarapyna geçen resmileriň sany köpeldi. Ýöne 30 ýyldan agdyk wagt bäri ýurtda höküm sürüp gelýän Saleh häkimiýeti häzirki oppozision ýolbaşçylara däl-da, diňe “ygtybarly ellere” tabşyrjakdygyny aýdýar.

Konfrontasiýa dowam etdigiçe, protestlere goşulýan şäherleriň sany köpelýär. Penşenbe güni ýüz müňlerçe adam Ýemeniň paýtagty Sananyň günortasynda ýerleşýän Taez şäherinde köçä çykyp, Salehiň häkimiýet başyndan gitmegini talap etdiler. On müňlerçe adam hem Ibb şäherinde ýöriş geçirdiler.

Siriýadaky protestler

Siriýada hem reformaçylar halky tutuş ýurtda protestlere çagyrdylar. Howpsuzlyk güýçleriniň märekä ot açmagy netijesinde Daraa we Latakiýa şäherlerinde 18-nji martdan bäri 70-den köpräk adam öldi. Ýöne bu zorluk adamlary gorkuzyp bilmedi.

Siriýanyň Kamyşly şäherindäki hökümete garşy protestler, 1-nji aprel.
Öten anna güni dürli şäherlerde, şol sanda Siriýanyň paýtagty Damaskda-da, protestçiler köçelerde ýöriş geçirdiler. Ýurduň prezidenti Başar al-Assad anna gününe planlaşdyrylan protestlerden öňürtmek maksady bilen penşenbe güni parahat ilatyň öldürilmegi bilen bagly barlag geçirmek we onlarça ýyl bäri dowam edip gelýän adatdan daşary ýagdaýy ýatyrmak meselesine garamak üçin komissiýa döredip ýörendigini aýtdy.

Ýöne Assad şu hepde eden çykyşynda reformalary ýola goýmagy yglan eder diýlip ýörkä, ýurtda barýan gozgalaňlaryň jogapkärçiligini “çet ýurtlaryň dildüwşügi” diýip, yglan etdi. Waşington onuň bu aýyplamasyny ýazgaryp, prezidenti munuň deregine halkyň özgeriş baradaky talaplaryna jogap bermäge çagyrdy.

“Bu ýurtlaryň köpüsiniň ýolbaşçylary öz halkynyň kanuny isleg-arzuwlaryna jogap bermeli. Reforma baradaky çagyryşa manyly ýol bilen jogap bermegiň deregine dildüwşük teoriýalaryny gözläp tapmaga synanyşmak, gaty aňsat iş” diýip, Döwlet departamentiniň sözçüsi Mark Toner aýtdy.

Assadyň halkyň arasynda näderejede gowy görülýändigini çaklamak kyn. Şu wagta çenli onuň häkimiýet başyndan gitmegini açyk talap eden protestçileriň sany köp däl. Olar köplenç Siriýanyň berk howpsuzlyk düzgüniniň gowşadylmagyny, korrupsiýa garşy göreşilmegini talap edýärler.

Adamlaryň gahary ilkinji nobatda Assadyň dogany Maher bilen doganoglany Rami Mahloufa gönükdirilýär. Maher Respublikan gwardiýanyň başlygy. Ýurtda düşewüntli işleriň köpüsi hem Mahloufyň elinde.
XS
SM
MD
LG