Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranda "Suhoý" kysymly harby uçar heläkçilige uçrady


Ýekşenbe güni Eýranyň Şiraz şäheriniň golaýynda ýurduň harby uçary türgenleşik wagtynda heläkçilige uçrady. Bu barada Eýranyň döwlet eýeçiligindäki IRNA habarlar gullugy maglumat berýär.

IRNA habar agentliginiň bellemegine görä, şol uçar “Suhoý” kysymly bolup, ol Orsýetde ýasalypdyr.

Häzire çenli bu uçaryň ýere düşmeginiň sebäpleri belli däl.

Eýranyň harby howa güýçleriniň düzümi Orsýetden we Hytaýdan, şeýle-de 1979-njy ýylyň yslam rewolýusiýasyndan öň ABŞ-dan satyn alnan harby uçarlardan durýar.
XS
SM
MD
LG