Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýaponiýa: ewakuasiýa ediljek adamlaryň sany artyp biler


Ýaponiýada “Fukusimo-Daiçi” atom elektrik stansiýasynyň golaýyndan ewakusiýa edilmeli adamlaryň sanynyň köpelmegi mümkin.

Bu barada ýapon hökümetiniň metbugat sekretary Ýukio Edano duşenbe güni eden çykyşynda aýdyp, radiasiýanyň derejesiniň ýokarlanandygy anyklansa, stansiýanyň golaýynda ýaşaýan adamlaryň başga ýerlere göçürilmeli boljakdyklaryny belledi.

11-nji martda bolan heläkçilikden soň, ýapon hökümeti ýadro elektrik stansiýasyndan 20 kilometr uzaklykda ýaşaýan adamlary ewakuasiýa etdi.

11-nji aprelde bu tebigy betbagytçylygyň yüze çykmagyna bir aý doldy. Heläk bolan adamlaryň hatyrasyna Ýaponiýada bir minutlyk dymyşlyk yglan edilip, dürli çäreler geçirildi.

ABŞ-nyň Geologik barlaglar merkezi 11-nji aprelde Ýaponiýada ýene-de 7,1 ballyk ýer titremäniň bolandygyny habar berdi.
XS
SM
MD
LG