Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Liwiýaly gozgalaňçylar gepleşik planyny ret etdiler


11-nji aprelde liwiýaly gozgalaňçylar Afrika Bileleşiginiň ok atyşygy bes etmek baradaky planyny ret etdiler.

Gozgalaňçylaryň lideri Mustafa Abdul Jalil parahatçylyk prosesini ýola goýmak üçin Muammar Kaddafiniň häkimiýetden gitmeginiň zerurdygyny nygtady.

Kaddafiniň özi wezipesinden çekilmejekdigini aýdýar.

Afrika Bileleşiginiň delegasiýasy 8 hepde bäri dowam edýän konflikti çözmek üçin Kaddafi bilen gozgalaňçylaryň arasyndaky gepleşikleri ýola goýmak maksady bilen araçy bolmaga synanyşýar.

Delegasiýanyň agzalary 10-njy aprelde Tripolide Kaddafi bilen geçirilen duşuşykdan soň, Bengazi şäherine baryp, gozgalaňçylar bilen gepleşik geçirdiler.

Bu delegasiýa ýolbaşçylyk edýän Günorta Arfikanyň prezidenti Jeýkob Zuma ok atyşygy bes etmek üçin düzülen plan bilen Kaddafiniň ylalaşýandygyny mälim etdi.

Afrika Bileleşiginiň asudalyk hem howpsuzlyk meseleleri boýunça komissary Ramtane Lamamra bu planyň eglenmezden ok atyşygyň bes edilip, gumanitar ýüklere ýol açylmagyny, taraplaryň gepleşiklere başlamagyny öz içine alýandygyny aýtdy.

Şol bir wagtda-da ol Liwiýanyň ýolbaşçysyny diňe ýurduň halkynyň saýlamalydygyny, bu meselä hiç bir tarapyň goşulmaly däldigini nygtady.

“Esasy prinsipine görä, Afrika Bileleşigi Liwiýanyň halkynyň özüniň demokratik usullary bilen liderini saýlamagynyň tarapdary. Bu meselä hatda Afrika Bileleşigi hem goşulyp bilmez. Ony diňe Liwiýanyň halkynyň özi çözmeli” diýip, Lamamra belledi.
XS
SM
MD
LG