Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Annaberdi Agabaýew aradan çykdy


Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi Annaberdi Agabaýew
Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi Annaberdi Agabaýew
11-nji aprelde Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi Annaberdi Agabaýew Aşgabatda aradan çykdy.

Annaberdi Agabaýew 1938-nji ýylda Aşgabadyň etegindäki Köşi obasynda dogulýar.

A.Agabaýewiň döredijiligi köp ugurly bolup, ol — şahyr, publisist, dramaturg, terjimeçi hasaplanypdy. Onuň ýazan drama eserleri ýurduň teatrlarynda sahnalaşdyryldy. Drama eserleriniň birnäçesi “Hindiguş hekaýatlary” ady bilen özbaşdak kitap edilip, okyjylara ýetirildi.

A.Agabaýewe şahyrana eserleri üçin Türkmenistanyň Ýaşlar baýragy, Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki teatrynda goýlan «Bir görlen tanyş» pýesasy üçin Magtymguly adyndaky Döwlet baýragy berildi.

Türkmen kompozitorlary şahyryň goşgularynyň ençemesine saz ýazdylar. Olardan “Tara degse Mylly agaň elleri”, “Çalsana, bagşy!”, “Älemgoşar”, “Meniňki bolsun” ýaly goşgulary il içinde meşhur aýdyma öwrüldi.

A.Agabaýew S.Ýesenin, G.Weselkow, M.Isakowskiý, Ý.Smelýakow, S.Mihalkow, Ý.Ýewtuşenko, M.Jeliliň, R.Gamzatowyň we başga-da birnäçe dünýä belli şahyrlaryň goşgularyny türkmen diline geçirdi.

Gurbannazar Ezizow bilen ýakyn dostluk-döredijilik gatnaşygynda bolan A.Agabaýew galamdaş dosty hakda-da birnäçe şygyrlary döredipdi.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.
XS
SM
MD
LG