Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hindistanyň keramatly Seý Babasy aradan çykdy


Hindistanyň iň bir sylagly ruhy liderleriniň biri Satýa Seý Baba 85 ýaşynda aradan çykdy. Onuň ýürek agyrysyndan ölendigi aýdylýar.

Seý Babanyň dünýä ýüzünde millionlarça eýerijisi bar diýip hasaplanýar. Onuň gudrat görkezmäge ukyplydygy aýdylýar.

Ynanýanlaryň köpüsi ony diri hudaý hasaplaýar. Onuň guramasy hassahanalary, mekdepleri maliýeleşdirýär.

Ýöne Seý Babanyň adynyň töwereginde gapma-garşylyklar hem bar. Tankytçylar ony gudrat galplyklarynda we jynsy bidüzgünçilikde aýyplaýarlar.
XS
SM
MD
LG