Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan bedew baýramçylygyny belledi


Türkmenistan her apreliň soňky ýekşenbesinde geçirýän bedew baýramçylygyny belledi.

Habar serişdeleri türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli lybasly, ahalteke bedewine atlanyp, baýramçylyk dabaralaryna gatnaşandygyny ýazýar.

Baýramçylygyň ýurt boýunça geçirilişi we täze açylan aýlawlaryň açylyş dabaralary uly tele-ekranlar arkaly halka görkezildi.

Daşary ýurt habar gulluklary saýlama 10 bedewiň arasynda geçirilen bäsleşikde Hanbegler atly atyň ýeňiji bolandygyny, onuň eýesi, aşagabatly Owlüýäguly Şeripowyň “Toyota” awtoulagyny utandygyny ýazýarlar.
XS
SM
MD
LG