Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ, Angliýa Kara-Murzanyň türmeden boşadylmagyna çagyrýar


Wladimir Kara-Murza
Wladimir Kara-Murza

Amerikanyň Birleşen Ştatlary we Britaniýa görnükli Kreml tankytçysy Wladimir Kara-Murzanyň tussaglykda belleýän ikinji doglan gününe gabat onuň ‘syýasy sebäpler’ esasynda jezalandyrylmagyny berk ýazgardy we, golaýda täze, başga bir türmä geçirilen hem-de saklanylýan ýeri aýdylmaýan bendiniň haýal etmän boşadylmagyna çagyrdy.

ABŞ-nyň Moskwadaky ilçihanasy 7-nji sentýabrda çap eden beýanatynda 42 ýaşy dolan Kara-Murzanyň derrew boşadylmagyna, şeýle-de Russiýada bendilikde saklanylýan 600-den gowrak syýasy tussagyň azat edilmegine çagyrdy.

Bendiniň aýaly Ýewgeniýa Kara-Murza iki gün ozal adamsynyň "doly gizlinlikde, näbelli bir ugra" geçirilendigini aýtdy we taryhy tejiribelre salgylanyp, bu hili başga ýere "geçirişiň syýasy tussagyň durmuşynda örän, belki-de iň bir howply döwür bolup bilýändigini" görkezýändigini aýtdy.

"Kara-Murzanyň aýtmagyna görä, häkimiýete hakykaty aýtmak döwletiň "duşmany bolmak" däl-de, eýsem “watançylyk hereketi" bolup durýar” diýip, ABŞ-nyň Moskwadaky ilçihanasy aýtdy.

Kara-Murza dönüklik, islenmeýän toparyň işine gatnaşmak we Russiýanyň ýaragly güýçlerini abraýdan düşürmek aýyplamalary bilen 25 ýyl azatlykdan mahrum edildi. Onuň tarapdarlary bu işi syýasy maksatly diýip atlandyrdylar.

XS
SM
MD
LG