24-nji fewralda, Orsýetiň Ukraina giň gerimli çozuşynyň dört ýyllygyna gabat, BMG-niň Baş Assambleýasy Ukrainanyň territorial bitewüligini we özygtyýarlylygyny goldaýan rezolýusiýany kabul etdi.
Ukraina "Ukrainada berk parahatçylygy goldamak" rezolýusiýasynyň taslamasyny hödürledi. Resminama atyşygy derhal bes etmäge çagyrýar we Ukrainanyň özygtyýarlylygyna we halkara derejesinde ykrar edilen serhetleriniň çäginde territorial bitewüligine hormat goýmagyň zerurdygyny tassyklaýar. Şeýle-de, harby ýesirleriň doly çalşylmagyny we bikanun tussag edilen adamlaryň ählisiniň boşadylmagyny talap edýär.
Ses berişligiň netijelerini Ukrainanyň daşary işler ministri Andriý Sybiga çap etdi.
Resminamanyň goldawyna 107 ýurduň wekilleri, ýarysyndan gowragy ses berdi – ýöne goldaw Baş Assambleýanyň şuňa meňzeş kararlary kabul eden öňki ýyllardaky ses berişliklerine garanda az boldy.
ÝB ýurtlarynyň ählisi diýen ýaly, Britaniýa, Kanada, Ysraýyl, Türkiýe, Latyn Amerikasynyň, Aziýanyň we Afrikanyň köp ýurdy resminamany goldap ses berdi.
12 ýurduň wekilleri - Russiýa, Belarus, Burkina-Faso, Burundi, Kuba, Demirgazyk Koreýa, Eritreýa, Eýran, Mali, Niger, Nikaragua we Sudan garşy ses berdi.
Hytaý, Hindistan, Günorta Afrika, Ermenistan, Gazagystan, Braziliýa, Serbiýa, Wengriýa we ABŞ ýaly 51 ýurt ses bermekden saklandy.