ABŞ-nyň we Britaniýanyň güýçleri Ýemende Eýran tarapyndan goldanylýan Huthi jeňçilerine garşy suwdan we howadan zarbalary urdylar.
Bu jeňçileriň Gyzyl deňizde ABŞ-nyň, şeýle-de halkara we söwda gämilerine eden hüjümlerine jogap hökmünde amal edildi.
Prezident Jo Baýden bu zarbalaryň Birleşen Ştatlaryň we onuň ýaranlarynyň Gyzyl deňizde Eýran tarapyndan goldanylýan jeňçi toparlarynyň barha köpelýän hüjümlerine “çydamlylyk etmejekdigini” äşgär etmek üçin amal edilendigini aýtdy.
Tähran huthi jeňçilerine urlan zarbalary dessine ýazgardy.