Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-da ýogalan türkmen studentiniň jesedi ýurduna iberiler


Welibeg Garlyýew
Welibeg Garlyýew

Türkmenistandan Birleşen Ştatlara okamaga gelen 19 ýaşly student Welibeg Garlyýew ýol hadysasynda heläk boldy diýip, “Turkmen.news” neşiri habar berýär.

Garlyýew 5-nji iýunda Hýustonda (Tehas) bolan güýçli tupan wagtynda heläkçilige uçrapdyr.

Ol Demirgazyk Amerika uniwersitetindäki okuwynyň gapdalyndan azyk önümlerini eltip berýän sürüji bolup işleýän eken.

Neşiriň maglumatyna görä, merhumyň jesedini Türkmenistana ibermek we onuň maşgalasyna kömek etmek üçin “Gofundme” hyzmaty arkaly 37 müň dollar serişde ýygnaldy.

XS
SM
MD
LG