Kairden uçan uçar 9-njy dekabra geçilýän gije Moskwa gonup, ABŞ-dan deportasiýa edilen rus raýatlaryny Russiýa getirdi. “Agentstwo” neşiri bu habary Dmitriý Waluýewe, "Rus Amerikasy Orsýetde demokratiýa üçin" diýen guramanyň başlygyna salgylanyp habar berdi.
"Eho Moskwy" neşiri bu uçaryň soňky ýylyň dowamynda deportasiýa edilenleri getiren üçünji uçar bolandygyny ýazýar.
Waluewiň sözlerine görä, yzyna gelen erkekleriň ellerine derrew harby hasaba alyş we gulluk bölümine barmalydygy aýdylýan çagyryş kagyzlary berlipdir.
Ol munuň harby hasaba alyş bilen baglanyşykly bolmagynyň ähtimaldygyny belledi.
Ýurda geleninden soň kimdir biriniň saklanandygy ýa-da saklanmandygy barada heniz maglumat ýok.
Deportasiýa edilen ruslar Arizonadan ýörite uçar bilen Müsüriň paýtagtyna getirildi. Müsüriň paýtagtynda olara telefonlary we goşlary berildi, soň olar Moskwa uçýan uçara mündürildi diýip, Waluýew “Agentstwo” neşrine aýtdy.
Rus raýatlary mundan öň ABŞ-dan iki gezek, 2025-nji ýylyň iýun we awgust aýlarynda köpçülikleýin çykaryldy. Mundan başga, indiwidual ýagdaýda ekstradisiýa edilenler hem boldy.