Birleşen Ştatlar Moskwa bilen Tähranyň arasyndaky harby hyzmatdaşlygyň artmagynyň “alada döredýändigini” aýtdy. Bu aralykda, Eýranyň Russiýa ençeme tapgyrda ganatly raketalary iberendigi barada maglumatlar peýda boldy.
21-nji fewralda Reuters gullugy Eýranyň ýanwardan bäri Russiýa, dört tapgyrda, ýüzlerçe raketalary iberendigi barada habar çap etdi. Maglumatda Eýranyň şahsyýeti aýdyňlaşdyrylmadyk bir harby wekiliniň “ýakyn hepdelerde ýene-de köp bolar” diýen sözleri getirilýär.
Bu maglumaty entek Ukrain we Günbatar resmileri açyk ýagdaýda tassyklamadylar.
ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň metbugat wekiliniň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, Eýran bilen Russiýanyň arasyndaky barha artýan harby hyzmatdaşlyk “tutuş dünýäni alada goýmaly bir ýagdaý”.
22-nji fewralda Ak tamyň Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň metbugat wekili Jon Kirbi, Tähranyň Russiýanyň Ukrainadaky alyp barýan uruşuna goldaw bermegi bilen baglylykda, ABŞ-nyň ýakyn günlerde Eýrana garşy täze sanksiýalary girizjekdigini mälim etdi.
20-nji fewralda Eýranyň Goranmak ministrliginiň metbugat wekili öz ýurdunyň Russiýa bilen harby hyzmatdaşlygynyň “Ukrainadaky uruş bilen hiç hili baglanyşygynyň ýokdugyny” öňe sürdi.