ABŞ-nyň döwlet sekretary Marko Rubio 23-nji iýunda Abu-Dabä gelip, ABŞ bilen Eýran arasynda atyşygy bes etmek barada baglaşylan gowuşgynsyz ylalaşyk sebit howpsuzlygy we Tähranyň geljekki tutumlary barada täze soraglary döredeninden soň, Waşingtonyň iň ýakyn arap ýaranlaryny köşeşdirmek maksady bilen, Pars aýlagy ýurtlaryna ýokary derejeli saparyna başlady.
Rubio gelýän iki günde Birleşen Arap Emirlikleriniň, Kuweýtiň we Bahreýniň liderleri bilen boljak duşuşyklaryň öňüsyrasynda Al-Batin aeroportuna gondy. Bu sapar Pars aýlagy ýurtlarynyň paýtagtlarynyň Tähran bilen ABŞ araçylygynda gazanylan gowşadyş (dartgynlylygy peseltmek) ylalaşygynyň netijelerini seljerýän döwrüne gabat geldi.
Bu sapar sebit üçin çylşyrymly bir pursatda amala aşyrylýar. Nebit eksporty we Hormuz bogazyndaky gämi gatnawy, birnäçe gün dowam eden bökdençliklerden soň, dikeldilmäge başlan hem bolsa, dartgynlylyk ýokary bolmagynda galýar. Eýran resmileri birnäçe Pars aýlagy döwletini ýakynda bolan söweşler wagtynda ABŞ-nyň harby operasiýalaryna aşakdan ýardam bermekde aýypladylar. Şol bir wagtda-da, olar Amerikanyň sebitdäki harby täsirini azaltmak üçin basyş etmegi dowam etjekdiklerini ýaňzytdylar.
Eýranyň sebitdäki täsirinden uzak wagtlap howatyrlanýan Pars aýlagy monarhiýalary üçin Rubionyň missiýasy hem diplomatik, hem strategiki: Tähran bilen uzak möhletli düşünişmegiň mümkin bolan konturlary ýüze çykyp başlan hem bolsa, ýaranlary Waşingtonyň howpsuzlyk borçnamalarynyň üýtgewsiz galjakdygyna ynandyrmak gerek.
“Biz olaryň näme diýýänini eşitmek isleýäris”
Gelip düşeninden soň žurnalistler bilen söhbetdeş bolan Rubio Waşingtonyň esasy ünsüniň, ynandyrmakdan beter, maslahatlaşmaga gönükdirilendigini nygtady.
“Meniň sapar edýän üç ýurdum bilen biziň uzak möhletli gatnaşyklarymyz we hyzmatdaşlygymyz bar” diýip, Rubio BAE-ni soňky aýlarda Waşingtonyň iň güýçli hyzmatdaşlarynyň biri hökmünde belledi.
“Biz bu ýere hakykatda gürrüň etmekden beter, olaryň näme diýýänini eşitmek üçin geldik. Biz olaryň pikirlerini bilmek isleýäris... we kabul edýän her bir kararymyzda olaryň garaýyşlarynyň hasaba alynmagyny üpjün etmek isleýäris” diýip, ol Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň habarçysyna aýtdy.
Bu sözler ABŞ-Eýran arasyndaky ýaraşyk çarçuwasynyň Tährany has ýüreklendirip biljekdiginden ýa-da ballistik raketa maksatnamalary, proksi harbylar we deňiz howpsuzlygy ýaly möhüm meseleleriň çözülmän galmagyndan howatyrlanýan Pars aýlagy ýaranlarynyň arasyndaky aladalary peseltmäge gönükdirilene çalym etdi.
Diplomatik "çarçuwanyň" häzir bardygyna garamazdan, Rubio onuň doly däldigini boýun aldy.
“Bu 47 ýyl bäri dowam edýän mesele” diýip, ol aýtdy. “Meniň pikirimçe, ol nähilidir bir ýol bilen bir ýarym gün içinde çözüler diýen pikire hiç kim ynanmaz.”
Ol soňky günlerde “gowy binýadyň” döredilendigine garamazdan, “entek gaty köp işiň edilmelidigini” hem sözüne goşdy.
Eýrana borçnamalaryň ýerine ýetirilmegi üçin edilýän basyşlar
Şeýle-de, Rubio Eýranyň Şweýsariýadaky gepleşikleriň dowamynda kabul edendigi aýdylýan borçnamalary sorag astyna alýan beýanatlaryna garşy çykdy we Waşingtonyň Tähranyň nämeleri kabul edendigini açyk-aýdyň edendigini aýtdy.
“Biz olaryň näme etmäge razy bolandygyny bilýäris” diýip, Rubio aýtdy. “Indi olar ýa muny ederler, ýa-da etmezler. Eger olar muny etmeseler, prezident käbir kararlary kabul etmeli bolar.”
Bu duýduryş ýaraşyk çarçuwasynyň iň jedelli taraplarynyň biri bolan barlag we tassyklama mehanizmleriniň töwereginde dowam edýän näbelliligi nygtady.
Eýran resmileri 22-nji iýunda halkara barlag protokollary boýunça gutarnykly ylalaşyga gelinmändigini aýtdylar, bu, görnüşinden, ABŞ-nyň wise-prezidenti J.D. Wensyň öňki beýanatlaryna ters gelýär.
Rubio alnan borçnamalaryň ýerine ýetirilmegini gazanmak mümkinçilikleri barada jikme-jik maglumat bermekden ýüz öwürdi, ýöne olaryň berjaý edilmeginiň diplomatiýanyň ýol alyp biljekdigini ýa däldigini kesgitlejekdigini aýtdy.
Proksiler, raketalar we sebitdäki çaknyşyk nokatlary
Pars aýlagy ýaranlary üçin esasy aladaly mesele Eýranyň sebitdäki proksi ulgamynyň - şol sanda Hizbollanyň we Hamasyň - özara düşünişmek memorandumynyň çäginde çözüljekdigi ýa-da çözülmejekdigi bolup galýar.
Rubio bu meseleleriň gepleşikleriň gutulgusyz bir bölegine öwrüljekdigini aýtdy.
“Eýran proksileri Yrakdan raketa atyp, dron uçuryp, terrorçylyga gatnaşmagyny dowam etdirse, sebitde söweşleriň we çaknyşyklaryň soňuna çykyp bolmaz” diýip, ol aýtdy.
Ol bu meseleleriň käbiri edil häzir ýarAŞYK çarçuwasyndan daşarda galsa-da, olaryň giň parahatçylyk tagallalarynyň hiç birinden aýry bolup bilmejekdigini öňe sürdi.
Şeýle-de, Rubio Liwanyň syýasy geljegine Eýran gepleşiklerinden aýry serediljekdigini tassyklady we ABŞ-nyň Beýrut hökümeti bilen gurýan gönümel gatnaşygyny nygtady.
“Liwanyň geljegi, özygtyýarly saýlanan hökümeti arkaly, Liwan halkyna degişli” diýip, ol Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýtdy.
Onuň bu sözleri Liwan we Ysraýyl resmileriniň Waşingtonda parallel gepleşikleri geçirýän wagtyna gabat geldi. Bu ýagdaý has giň sebit diplomatiýasynyň Eýran ugry bilen ugurdaş hereket edýändiginiň yşarat edýär.
Hormuz howpsuzlygy ýene-de üns merkezinde
Eýranyň berk liniýaly syýasatçylarynyň golaýda Hormuz bogazyndan, dünýäniň iň möhüm nebit geçelgesinden geçýän gatnawy togtatmak barada atan haýbatlaryndan soň, Rubionyň Pars aýlagy ýurtlaryna edýän saparynda deňiz howpsuzlygyna hem uly üns berilmegine garaşylýar.
Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň ABŞ-nyň we onuň ýaranlarynyň bu ýerde gämi gatnawynyň azatlygyny kepillendirip biljekdigi ýa däldigi barada beren soragyna jogap berip, Rubio bu meseläni halkara hukugynyň meselesi hökmünde häsiýetlendirdi.
“Bu halkara suw ýoly” diýip, ol aýtdy. “Hiç bir ýurda halkara suw ýolunda ýol töleglerini ýa-da tölegleri almaga rugsat berilmeýär. Bu hereket edýän halkara hukugy we biz onuň bu ýerde şeýle bolmagyna garaşýarys”.
Bu beýanat, belki-de, ykdysadyýeti üznüksiz gämi gatnawlaryna bagly bolan ýurtlaryň, Pars aýlagynyň önüm öndürijilerini belli bir derejede rahatlandyrar.
Emma analitikler giň gerimli bir soragyň – ýaraşyk çarçuwasynyň durnukly sebitara howpsuzlyk ylalaşygyna öwrülip biljekdigi ýa-da onuň diňe has çuňňur gapma-garşylyga çenli arakesme boljakdygy baradaky soragyň saklanyp galýandygyny aýdýarlar.
Häzirlikçe, nämälimligiň dowam etmegi bilen, Rubionyň Pars aýlagyna edýän sapary Waşingtonyň arap ýaranlary bilen ýakyn gatnaşykda bolmagyna gönükdirilene çalym edýär.
Forum