Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Eýrana täze zarbalary urdy

ABŞ-nyň Harby-deňiz güýçleri tarapyndan berlen suratda Waşingtonyň Hormuz bogazyny açyk saklamak ugrundaky tagallalarynyň bir bölegi hökmünde uçmaga taýýarlanýan F/A-18 uçarlary görkezilýär.
ABŞ-nyň Harby-deňiz güýçleri tarapyndan berlen suratda Waşingtonyň Hormuz bogazyny açyk saklamak ugrundaky tagallalarynyň bir bölegi hökmünde uçmaga taýýarlanýan F/A-18 uçarlary görkezilýär.

ABŞ güýçleri Hormuz bogazyndaky Larak adasynda Eýranyň iki raketa uçuryjy enjamyna zarba urdy diýip, Birleşen Ştatlaryň bir resmisi Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna tassyklady.

Onuň sözlerine görä, zarbalar Eýranyň Yslam rewolýusiýa sakçylary korpusynyň (YRSK) deňiz minalary ýüklenen raketalary bu möhüm suw ýoluna uçurmaga taýýarlanýandygy ýüze çykarylandan soň uruldy.

30-njy awgustdaky zarbalar ABŞ-nyň Eýranyň harby pozisiýalaryna bir aýdan gowrak wagtyň dowamynda urandygy köpçülige mälim bolan ilkinji göni hüjümidir. Bu waka Waşingtonyň dünýäniň strategik taýdan iň möhüm dar deňiz geçelgeleriniň birinde gämi gatnawyny dikeltmäge çalyşýan wagtyna gabat geldi.

ABŞ resmisi YRSK güýçleriniň deňiz minalary ýüklenen raketalary bogaza uçurmaga taýýarlanandygyny aýtdy. Geçen hepde ABŞ-nyň Merkezi serkerdeligi amerikan güýçleriniň bogazdaky halkara gämi gatnaw ugurlaryny deňiz minalaryndan arassalamagy tamamlandygyny we ol ýerdäki hereketlere ýakyndan gözegçilik edýändigini habar beripdi.

«ABŞ güýçleri sebite ýakyndan gözegçilik edýär we bu möhüm suw ýolundan söwda gatnawynyň erkin dowam etmegini goramaga taýýardyr» diýip, resmi aýtdy.

ABŞ-nyň Merkezi serkerdeligi: «ABŞ güýçleri Hormuz bogazynda dessine howp döredýän YRSK-niň mina ýerleşdiriji güýçlerine garşy çäkli we takyk çäre gördi. Başgaça aýdylanda, howpy Eýran döretdi, ABŞ-nyň harby güýçleri bolsa raýat deňizçilerini, söwda gämi gatnawyny hem-de dünýä söwdasynyň erkin akymyny goramak üçin ony aradan aýyrdy» diýdi.

Eýranyň berk syýasaty goldaýan YRSK-si jogap gaýtarjakdygyny wada berdi. Eýranyň döwlet mediasynda çap edilen beýanatda korpus «birnäçe söweşijimiziň we watandaşymyzyň şehit bolandygyny hem-de ýaralanandygyny» tassyklady we hüjümiň «agressoryň jezalandyrylmagyna getirjekdigini» aýtdy.

YRSK soňra ar alyş çäresi hökmünde Iordaniýada ABŞ güýçleriniň ýerleşýän iki bazasyna ballistik raketalary atandygyny habar berdi. ABŞ-nyň ýakyn ýarany bolan Iordaniýa 31-nji awgustda irden öz howa giňişligine giren sekiz raketanyň öňüniň alnandygyny aýtdy.

Forum

XS
SM
MD
LG