ABŞ harbylary Hormuz bogazynyň howpsuzlygyny üpjün etmäge ýardam bermek maksady bilen Eýranyň çägindäki nyşanalara howa zarbalarynyň täze tapgyryny tamamlandygyny aýtdy. Bu prezident Donald Trampyň möhüm suw ýoluna gabawy gaýtadan girizýändigini aýtmagyndan bary-ýogy birnäçe sagat soň boldy.
“Bu zarbalar Eýran güýçlerine agyr baha töletmegi dowam etdirer we olaryň Hormuz bogazyndaky bigünä raýatlara hem-de täjirçilik gämilerine hüjüm etmek ukybyny gowşadar” diýip, ABŞ-nyň Merkezi serkerdeligi (CENTCOM) hüjümleriň tertip üçünji gününde, 13-nji iýulyň giçki wagtynda ýaýradan beýanatynda aýtdy.
CENTCOM soňra bäş sagat dowam eden operasiýanyň dowamynda ABŞ güýçleriniň Eýranyň dürli ýerlerindäki harby nyşanalara üstünlikli zarba urandygyny we munuň Eýranyň täjirçilik gämilerine hüjüm etmek ukybyny has-da gowşadandygyny belledi.
Eýranyň döwlet mediasy ýurduň günorta kenaryndaky birnäçe adada, şol sanda Kiş, Keşm we Abu Musa adalarynda partlamalaryň bolandygyny habar berdi.
Bu zarbalar taraplaryň parahatçylyk ylalaşygy boýunça gepleşik geçirmeginiň şertlerini kesgitlän, geçen aý gol çekilen ylalaşygyň dargap barýandygynyň soňky alamatydyr.
ABŞ mediasy 13-nji iýulda Trampyň dynç günleriniň dowamynda Birleşen Ştatlaryň Eýran bilen ýene uruş ýagdaýyndadygy barada Kongrese habar berendigini ýazdy. Bu bolsa kanun çykaryjylaryň resmi razylygyny almazdan, harby güýçleri zarbalar üçin ulanmak boýunça 60 günlük möhletiň başlanandygyny aňladýar.
Tramp 13-nji iýulyň giçki wagtynda Ak tamda žurnalistlere hüjümleriň Eýranyň bogazdaky deňiz gatnawyna päsgel bermek mümkinçiliklerini hatardan çykarmaga gönükdirilendigini aýtdy.
Ol Eýrana garşy yzly-yzyna üç gije hüjüm edilmegine garamazdan, söweşleri bes etmek barada ylalaşygyň henizem mümkindigini belledi.
“Hawa, men ylalaşygyň mümkindigini pikir edýärin. Elbetde, mümkin” diýip, Tramp Ak tamda žurnalistlere aýtdy. “Iki gün öň olar bilen ylalaşygymyz bardy, soňra olar: ‘Ýok, biz bu ylalaşygy baglaşyp bilmeris. Ony ýene-de ara alyp maslahatlaşmaly’ diýdiler.”
Şol günüň dowamynda Tramp Fox News telekanalyna Birleşen Ştatlaryň parahatçylyk döwründe dünýäniň energiýa gatnawynyň takmynan bäşden bir böleginiň geçýän we konfliktiň esasy söweş meýdanlarynyň birine öwrülen bogazy öz gözegçiligine alyp biljekdigini aýtdy.
“Şu pursatdan başlap ABŞ ‘HORMUZ BOGAZYNYŇ GORAGÇYSY’ hökmünde tanalar. Emma şeýle bolansoň we ADALATLYLYK nukdaýnazaryndan, dünýäniň bu örän durnuksyz böleginde howpsuzlygy we goragy üpjün etmek üçin zerur bolan ähli çykdajylaryň öwezini dolmak maksady bilen, daşalýan ähli ýükleriň bahasynyň 20 göterimi möçberinde töleg alar” diýip, Tramp sosial mediada ýazdy.
Eýranyň Yslam rewolýusiýa goragçylary korpusy (YRGK) Trampyň sosial media ýazgysyndan biraz öň ýaýradan beýanatynda bogaz arkaly kadaly gämi gatnawyny dikeltmegiň ýeke-täk ýolunyň ABŞ-nyň bu suw ýolundaky harby goşulyşmagyny bes etmegi bolandygyny aýtdy.
Soňra ýiti äheňde ýaýradylan beýanatda Eýranyň ýokary harby serkerdeligi ABŞ-nyň bogazyň geljegini kesgitlemekde hiç hili ornunyň ýokdugyny aýtdy we Waşington bilen hyzmatdaşlyk edýän ýurtlaryň “sebitdäki ähli howpsuzsyzlyk hem-de urşuň möwç almagy üçin doly jogapkärçilik çekýändigini” duýdurdy.
Eýranyň daşary işler ministri Abbas Arakçi hem Trampyň ýazgysyna jogap berip, “Eýran hemişe bogazyň GORAGÇYSY bolup geldi we HEMIŞELIK şeýle bolup galar” diýdi.
Birleşen Arap Emirlikleriniň Goranmak ministrligi 13-nji iýulda Hormuz bogazynyň günorta gatnaw zolagynda, Omanyň territorial suwlarynda ýurduň iki tankeriniň Eýranyň ganatly raketalary bilen nyşana alnandygyny aýtdy. Hüjümde ekipažyň hindistanly bir agzasy öldi, ýene sekiz adam ýaralandy.
Eýran Aýlagdaky birnäçe goňşy ýurduna, şeýle hem öz düzgünlerini bozup bogazdan geçýändigini aýdýan gämilere hüjüm etdi.
Iordaniýanyň goşuny 14-nji iýulda Eýrandan atylan dört raketany saklandygyny aýtdy. Eýranyň Yslam rewolýusiýa goragçylary korpusy bolsa Bahreýne, Iordaniýa, Kuweýte we Omana zarba urandygyny öňe sürüp, ABŞ-nyň harby desgalarynyň nyşana alnandygyny aýtdy.
Forum