ABŞ-nyň Merkezi serkerdeligi (CENTCOM) Waşington möhüm suw ýoly bolan Hormuz bogazyndan halkara gämileriniň erkin geçmegini üpjün etmek üçin bu bogaza doly gözegçiligi gaýtadan ele almaga çalyşýarka, amerikan güýçleriniň Eýranyň nyşanalaryna garşy yzly-yzyna 12-nji gije amala aşyrylan zarbalary tamamlandygyny aýtdy.
“ABŞ güýçleri Eýranyň harby nyşanalaryna, şol sanda harby-deňiz mümkinçiliklerine, raketa we dron saklanýan desgalara, kenarýaka gözegçilik nokatlaryna hem-de howa goranyş serişdelerine zarba urdy. Bu zarbalar Eýranyň parahat gämiçileri we täjirçilik gämilerini nyşana almak ukybyny has-da gowşadýar” diýip, CENTCOM 23-nji iýulda operasiýanyň tamamlanandygyny yglan eden sosial media ýazgysynda aýtdy.
Eýranyň Yslam rewolýusiýa goragçylary korpusy (YRGK) 23-nji iýulda öz güýçleriniň üç nebit tankeriniň Hormuz bogazyndan geçmeginiň öňüni alandygyny aýtdy. Soňky hepdelerde bu bogaz Eýran bilen Birleşen Ştatlaryň arasyndaky urşuň esasy merkezine öwrüldi.
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 22-nji iýulda Tähran bogazdan geçýän gämileriň hereketine päsgel bermegini dowam etdirse, Eýrana basyşy güýçlendirjekdigini duýdurdy.
“Şu pursatdan başlap, Eýran Yslam Respublikasy Hormuz bogazynda haýsydyr bir gämiň üstüne — raketa, snarýad, dron ýa-da islendik başga enjam ýa-da ýarag bilen — ot açan her gezekde, Birleşen Ştatlar BIR KÖPRINI ÝA-DA ELEKTRIK STANSIÝASYNY, şol sanda paýtagt Tähranyň golaýynda ýa-da içinde ýerleşýänlerini hem bombalap, ýok eder” diýip, ol sosial mediada ýazdy.
Forum