Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ güýçleri Eýranyň raketa we dron hüjümleriniň öňüni aldy

"USS Abraham Linkoln" uçar gämisiniň uçuş meýdançasy. 2026-njy ýylyň 25-nji maýynda düşürilen surat
"USS Abraham Linkoln" uçar gämisiniň uçuş meýdançasy. 2026-njy ýylyň 25-nji maýynda düşürilen surat

ABŞ güýçleri Ýakyn Gündogarda bolan wakalarda Eýranyň köp sanly ballistik raketa we dron hüjümleriniň üstünlikli öňüni aldy diýip, Birleşen Ştatlaryň Merkezi serkerdeliginiň (CENTCOM) aýtdy.

ABŞ-nyň Merkezi serkerdeligi 2-nji we 3-nji iýunda ýaýradan beýanatlarynda Eýranyň sebitdäki goňşy ýurtlara tarap uçuran birnäçe raketasynyň maksatly nyşanalaryna ýetmändigini mälim etdi.

Şeýle-de, Merkezi serkerdelik ABŞ-nyň we Bahreýniň howa goranyş ulgamlarynyň Bahreýne atylan üç raketanyň öňüni alandygyny, Kuweýte gönükdirilen iki raketanyň bolsa nyşanalaryna ýetmändigini ýa-da uçuş wagtynda döwlendigini habar berdi.

Mundan başga-da, ABŞ-nyň Merkezi serkerdeligi amerikan güýçleriniň sebit suwlarynda raýat gämilerini nyşana alýandygy aýdylýan Eýranyň üç sany pilotsyz uçaryny urup gaçyrandygyny habar berdi.

Jogap hökmünde ABŞ güýçleri Hormuz bogazynda ýerleşýän Keşm adasyndaky Eýranyň harby ýerüsti dolandyryş stansiýasyna garşy, Merkezi serkerdeligiň sözlerine görä, "öz-özüňi goramak" hüjümlerini amala aşyrdylar.

Şeýle-de, Birleşen Ştatlaryň Merkezi serkerdeligi ABŞ-nyň hiç bir işgäriniň şikes almadygyny nygtady we Eýranyň Yslam rewolýusiýasynyň goragçylary korpusynyň ABŞ-nyň Bahreýndäki 5-nji flotunyň ştab-kwartirasyna we ABŞ-nyň sebitdäki howa bazasyna üstünlikli zarba urlandygy baradaky beýanatlaryny ret etdi.

Bir salymdan soň, ABŞ-nyň Merkezi serkerdeligi “X” sosial ulgamynda çap eden maglumatynda Eýranyň Kuweýtdäki ABŞ güýçlerini nyşana alan pilotsyz uçarlarynyň ýene bir tolkunynyň zyýan ýa-da pida getirmezden öňüniň alnandygyny goşdy.

Kuweýtiň harby güýçleri özüniň howa goranyş ulgamlarynyň "duşman raketa we dron hüjümlerine garşy durýandygyny" aýratynlykda habar berdi, ýöne jikme-jik maglumat bermedi.

Şeýle-de, Kuweýtiň harby häkimiýetleri ýaşaýjylary duşmanyň howa nyşanalarynyň öňüniň almagyň netijesinde emele gelen galyndylaryň, şrapnelleriň ýa-da beýleki näbelli zatlaryň hiç biriniň ýanyna barmazlyga ýa-da olary ellemezlige çagyrdylar.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG