Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ güýçleri Tähranyň Hormuz gämi gatnawyna eden hüjümine jogap hökmünde Eýrana hüjüm etdi

Suratda ABŞ-nyň söweş uçarlarynyň Hormuz bogazynda uçar gämisinde durandygy görkezilýär.
Suratda ABŞ-nyň söweş uçarlarynyň Hormuz bogazynda uçar gämisinde durandygy görkezilýär.

ABŞ-nyň harby güýçleri Tähranyň Hormuz bogazyndaky söwda gämilerine hüjüm etmegine jogap hökmünde Eýranyň desgalaryna hüjüm edendigini aýtdy. Bu Waşington bilen Tähranyň arasynda ok atyşygy bes etmek baradaky gowuşgynsyz ylalaşyga howp abandyrýan soňky hereket boldy.

“ABŞ-nyň Merkezi serkerdeliginiň (CENTCOM) güýçleri düýn Hormuz bogazyndan geçýän söwda gämisine edilen hüjüme güýçli jogap hökmünde 26-njy iýunda Eýrana garşy hüjümleri amala aşyrdy” diýip, ABŞ-nyň harbylary sosial mediada habar berdiler.

Bu beýanat ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň, Eýranyň 25-nji iýunda bogazdaky ýük gämilerine garşy dron hüjümlerine ABŞ-nyň mümkin bolan jogaby barada soralanda, žurnalistlere "Siz muny bilersiňiz" diýeninden gysga wagt soň edildi.

Tramp hüjüm yglan edilmezden öň sosial mediada paýlaşan maglumatynda Eýranyň bogazdaky täjirçilik gämilerine dört sany dron zarbasyny amala aşyrandygyny ýazdy.

"Dronlaryň biri uly we örän gymmat bahaly ýük daşaýan gäminiň ýokarky palubasyna örän berk görnüşde zarba urdy. Zyýan ýetdi, ýöne gämi öz ýoluny dowam etdirip bildi. Biz başga-da üç drony urup gaçyrdyk" diýip, Tramp ýazdy.

ABŞ-nyň wise-prezidenti J.D. Wans “X” sosial ulgamynda paýlaşan maglumatynda “zorluga zorluk bilen garşylyk görkeziler” diýip ýazdy.

“Eýran atyşygy bes etmek baradaky ylalaşyga gol çekdi. Biz ony hormatladyk. Eger olaryň özara düşünişmek baradaky memorandumynyň (ÖDM) nähili ýerine ýetirilýändigi barada ylalaşmaýan ýagdaýlary bar bolsa, olar telefony alyp, [jaň edip] bilerler. Emma zorluga zorluk bilen garşylyk görkeziler” diýip, ol ýazdy.

Eýran we ABŞ Eýranda we Ýakyn Gündogarda, şol sanda Liwanda urşy bes etmek maksady bilen özara düşünişmek baradaky memoranduma gol çekenden soň, Şweýsariýada tehniki gepleşikleri gaýtadan başlatmagy meýilleşdirýärler. Ok atyşygy bes etmek baradaky ylalaşyk ejiz bolmagynda galýar, ähli taraplar biri-birini ony bozmakda aýyplaýar.

Eýranyň döwlet metbugaty Eýranyň günortasynda ýerleşýän Sirik sebitindäki piriň töweregine raketanyň düşendigini habar berdi. Bu sebit, ABŞ güýçleri tarapyndan yzygiderli nyşana alnypdy.

Muňa jogap hökmünde Eýranyň berk pozisiýaly Yslam rewolýusiýa goragçylary korpusy (YRGK) öz deňiz güýçleriniň sebitdäki ABŞ-nyň harby desgalaryna hüjüm edendigini aýtdy diýip, Eýranyň döwlet metbugaty habar berdi, emma maglumaty garaşsyz ýagdaýda tassykladyp bolmady.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG