ABŞ-nyň Merkezi serkerdeligi (CENTCOM) 30-njy iýulda öz güýçleriniň Eýrana garşy «güýçli zarbalaryň uly tapgyryny» tamamlandygyny habar berdi. Serkerdelik bu hereketiň Tähranyň ABŞ güýçlerine raketa hüjümini amala aşyrmak synanyşygyna jogap bolandygyny aýtdy.
«CENTCOM-nyň güýçleri Eýranda Yslam rewolýusiýasynyň goragçylary korpusynyň (YRGK) onlarça nyşanasyna, şol sanda harby serkerdelik merkezlerine, raketa we dron desgalaryna, kenarýaka gözegçilik hem-de goranyş nokatlaryna, şeýle-de harby-deňiz mümkinçiliklerine zarba urdy» diýip, ABŞ harbylary X platformasynda çap eden ýazgysynda aýtdy.
ABŞ-nyň ýokary derejeli resmisi mundan öň Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna amerikan harbylarynyň Eýranyň çäginde zarbalary amala aşyrýandygyny tassyklady.
Eýranyň döwlet metbugaty ýurduň günorta-günbataryndaky Huzestan welaýatynyň birnäçe şäherine, şeýle-de Pars aýlagyndaky Keşm adasyna zarba urlandygyny habar berdi.
CENTCOM-nyň maglumatyna görä, YRGK-niň güýçleri 28-nji iýulda Ýakyn Gündogarda ýerleşýän ABŞ güýçlerine duýdansyz hüjüm etmek synanyşygynyň çäklerinde Eýranyň çäginden birnäçe ballistik raketa uçurdy. Serkerdelik Eýranyň ähli raketalarynyň üstünlikli saklanandygyny aýtdy.
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp mundan öň, çarşenbe güni harby hereketleriň golaýlaýandygyny aýtdy. Ol Fox News telekanalyna beren interwýusynda Birleşen Ştatlaryň Eýranyň hüjümine güýçli jogap berjekdigini aýtdy.
Tramp 29-njy iýulda Ak tamda žurnalistler bilen söhbetdeş bolup, Eýrana zarba urmak üçin indi «nobatyň» ABŞ harbylaryna geçendigini aýtdy.
«Olar munuň boljagyny bilýärler. Bizden muny etmezligimizi soraýarlar, emma düýn gije bize garşy ot açmaga synanyşdylar» diýip, Tramp aýtdy.
Soňky zarbalar Trampyň Tähran bilen mümkin diplomatik gatnaşyklara ýer goýmak maksady bilen, dynç günleri mundan beýläkki hereketleri yza süýşürmeginden soň ABŞ-nyň Eýrana garşy harby operasiýalarynda ýüze çykan gysga arakesmäniň yz ýanyndan amala aşyryldy.
Waşington bilen Tähranyň arasyndaky dartgynlygyň güýçlenmegini dowam etdirýän mahaly, harby hereketleriň gaýtadan başlanmagy has giň gerimli sebit çaknyşygynyň ýüze çykmagy baradaky aladalary artdyrýar.
Forum