Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ has giň gerimli söweşe garşy duýduryş beren mahaly, Ysraýyl Gaza hüjümini dowam etdirdi


Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu
Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu

Premýer-ministr Benýamin Netanýahu söweşiň “güýçli tapgyrynyň” tamamlanýandygyny aýdanyndan soň, Ysraýyl 25-nji iýunda Gazany bombalamagy dowam etdirdi.

Bu, Birleşen Ştatlaryň öz ýaranyny Liwan serhedinde dartgynlylygy has-da güýçlendirmezlige çagyranyndan soň boldy.

Ysraýyl güýçleri has ýowuz hüjümleri amala aşyrdy. Gaza şäherindäki iki mekdepde we bir öýde 13 adam öldi.

Ysraýyl käbir esgerleri Gazadan Liwan serhedine ýerleşdirmegi meýilleşdirýärkä, ABŞ-nyň Döwlet sekretary Antoni Blinken 24-nji iýunda ýurduň goranmak ministrine zorlugyň ýaýramagyna ýol bermezlik üçin basyş etdi.

XS
SM
MD
LG