Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ ilçihanasy Moskwadaky hüjüm howplary barada duýdurýar


ABŞ-nyň Moskwadaky ilçihanasynyň binasy
ABŞ-nyň Moskwadaky ilçihanasynyň binasy

7-nji martda ABŞ-nyň Moskwadaky ilçihanasy amerikan raýatlaryny soňky iki günüň dowamynda Russiýanyň paýtagtyndaky adamlaryň üýşmeleňlerinde mümkin hüjüm howpy barada duýdurdy. Bu baradaky howpsuzlyk duýduryşy ilçihananyň websaýtynda çap edildi.

“Ilçihana ekstremistleriň Moskwadaky uly toparlanşyklara, şol sanda konsertlere hüjüm etmegi planlaşdyrýandygy baradaky maglumatlary yzarlaýar, we Birleşen Ştatlaryň raýatlaryny soňky 48 sagadyň dowamynda uly üýşmeleňlerden gaça durmaga çagyrýar” diýip, duýduryşda aýdylýar. Başga goşmaça maglumat berilmeýär.

ABŞ-nyň duýduryşy Britaniýanyň Daşary işler edarasynyň websaýtynda hem ýerleşdirildi.

XS
SM
MD
LG