Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Kawkaz parahatçylyk planyny güýçlendirmäge synanyşýarka Wans Ermenistanda bardy

ABŞ-nyň wise-prezidenti J.D. Wans we Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinýan 9-njy fewralda Ýerewanda ABŞ-da öndürilen gözegçilik dronuny barlaýarlar.

ABŞ-nyň wise-prezidenti J.D. Wans 9-njy fewralda Ermenistana baryp, ABŞ-nyň araçylygynda gazanylan parahatçylyk ylalaşygyny goldamak we Waşingtonyň sebitde söwda, energiýa we täsir maksady üçin möhüm hasaplaýan strategiki ulag geçelgesini öňe sürmek üçin Kawkaza dört günlük saparyna başlady.

Trampyň administrasiýasyndan şu wagta çenli Ermenistana sapar eden ABŞ-nyň iň ýokary derejeli resmisi bolan Wans paýtagt Ýerewana bardy, bu ýurduň Garabag sebiti boýunça 40 ýyldan gowrak dowam eden çaknyşygy bes etmek maksady bilen ABŞ-nyň araçylygynda Azerbaýjan bilen baglaşan ylalaşygyna gol çekeninden alty aý çemesi soň boldy.

Wans premýer-ministr Nikol Paşinýan we Ermenistanyň beýleki ýokary derejeli resmileri bilen duşuşar we soňra 10-njy hem-de 11-nji fewralda Azerbaýjanyň paýtagtynda resmiler bilen gepleşikler geçirmek üçin Bakuwa gider diýip, Ak Tam habar berdi.

"Meniň pikirimçe, biz Ermenistanyň dünýäniň bu sebitinde ykdysady ösüş üçin möhüm gural bolup hyzmat edip biljek nokadyna ýetdik, bu bolsa parahatçylyk ylalaşygyny dowam etdirer we saklar, şeýle hem Ermenistanyň halky üçin, we meniň üçin esasy, ABŞ-nyň halky üçin uly abadançylyga getirip biler" diýip, Wans Paşinýan bilen duşuşyga barýarka aýtdy.

"Şonuň üçin biz bu zatlaryň üstünde işlemegi dowam etdireris. Bu sapar diňe möhüm ädimdir."

Wansyň saparynda iki ýurt bilen ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge uly üns berilýär, ABŞ-nyň resmileri munuň Ermenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda ynamy ösdürmäge kömek etjekdigini aýtdylar.

Parahatçylyga alyp barýan ýoluň bir bölegi hökmünde teklip edilýän 43 kilometrlik gara ýol-demir ýol geçelgesi, Halkara parahatçylyk we gülläp ösüş ugrundaky Tramp ýoly (TRIPP) diýlip atlandyrylar, ol Ermenistanyň içinden geçip, Azerbaýjany Nahçywan eksklawy bilen baglanyşdyrar, şol bir wagtyň özünde Russiýanyň we Eýranyň daşyndan aýlanyp geçýän täze Gündogar-Günbatar söwda arteriýasyny açar.

Ermenistan we Azerbaýjan 1980-nji ýyllaryň ahyryndan bäri Daglyk Garabag sebitinde çaknyşyklary başdan geçirdi. Bu sebit halkara derejesinde Azerbaýjanyň bir bölegi hökmünde ykrar edilýärdi, ýöne etniki ermeni separatistleri tarapyndan uzak wagtlap gözegçilikde saklanýardy.

2023-nji ýylyň sentýabr aýynda Azerbaýjan harby hüjümden soň Garabagyň gözegçiligini yzyna aldy.

Geçen tomusda iki ýurduň liderleri onlarça ýyl dowam eden çaknyşyklara, şol sanda iki sany doly möçberli urşyň soňuna çykmak maksady bilen Waşingtonyň araçylygynda uly ylalaşyk baglaşdylar.

Bu ylalaşyk Birleşen Ştatlara Günorta Ermenistanyň Eýran bilen serhet ýakasyndaky territoriýasyndan geçjek tranzit geçelgesini ösdürmek üçin kärende hukugyny berýär.

Geçelge ahyrsoňy demir ýol liniýasyny, nebit we gaz geçirijilerini, şeýle hem süýümli optik geçirijilerini öz içine alar, bu bolsa harytlaryň we soňra adamlaryň hereket etmegine mümkinçilik berer.

Protestçiler Wansa ýüz tutýarlar

Adam hukuklaryny goraýjy ermeni toparlarynyň 20-den gowragy Wansa açyk hat iberip, ABŞ-nyň wise-prezidentinden häzirki wagtda Azerbaýjanyň türmelerinde saklanýan ermenileriň boşadylmagyna kömek etmegini sorady.

Garabag bosgunlarynyň topary Paşinýanyň resmi öýüniň öňünde miting geçirip, Wansdan tussaglaryň boşadylmagy üçin basyş etmegini sorady.

Geçen hepde Azerbaýjanyň harby sudy uruş jenaýatlary boýunça sud prosesinde ermeni separatist liderlerine uzak möhletli türme tussaglygyny berdi.

XS
SM
MD
LG