Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň baş diplomaty rus türmesinde oturan amerikan raýaty Pol Whelan bilen gürleşýär


Pol Whelan. Arhiw suraty
Pol Whelan. Arhiw suraty

ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken dört ýyldan gowrak wagt bäri rus türmesinde saklanýan amerikan raýaty Pol Whelan bilen telefonda gürleşdi.

CNN habar gullugynyň maglumatyna görä, Blinken Whelana "Ruhdan düşmäň we biz sizi mümkin boldugyça çalt öýüňize gowşurmak üçin elimizden gelenini edýäris" diýdi. 16-njy awgustdaky habar soňra “Roýters” we TASS tabar gulluklary tarapyndan hem tassyk edildi.

ABŞ-nyň öňki deňizçi esgeri Whelan 2018-nji ýylda Moskwada içalyçylyk aýyplamasy bilen saklanyp, soňra 16 ýyl azatlykdan mahrum edildi.

Ol merkezi Russiýadaky bir türmede saklanýar. Waşington Whelany "bikanun tussag edilen" diýip häsiýetlendirdi. Bu häsiýetlendirme onuň işiniň syýasy sebäpli bolandygyny aňladýar.

XS
SM
MD
LG