Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň baýry diplomaty Wiktoriýa Nuland Kiýewe geldi


Wiktoriýa Nuland. Arhiw suraty
Wiktoriýa Nuland. Arhiw suraty

ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň kömekçisiniň orunbasary Wiktoriýa Nuland ukrain resmileri we raýat jemgyýetiniň wekilleri bilen gepleşmek üçin Kiýewe geldi diýip, Amerikanyň Ukrainadaky ilçisi Bridget Brink 31-nji ýanwarda aýtdy.

"Şu gün biz, Russiýanyň Ukrainadaky agressiýasyny ýeňip geçmek baradaky umumy borçnamamyzy nygtamak üçin, hökümet ýolbaşçylary, weteranlar we raýat jemgyýeti bilen duşuşarys" diýip, Brink ozal twitter diýlip atlandyrylan X platformasynda ýazdy.

Nulandyň sapary, respublikan kanun çykaryjylarynyň garşylygy sebäpli, ABŞ Kongresinde Ukraina berilmeli 61 milliard dollar kömegi hem öz içine alýan goşmaça çykdajy kanunynyň tassyklanylman saklanylýan wagtyna gabat geldi.

XS
SM
MD
LG