Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň BMG-däki ilçisi Orsýeti we Hytaýy Eýrany goramaga synanyşmakda aýyplady

Maýkl Walts
Maýkl Walts

ABŞ-nyň Birleşen Milletler Guramasyndaky ilçisi Maýkl Walts Orsýeti we Hytaýy, 1737-nji komitetiň işini bökdemek arkaly, Tährany goramaga synanyşmakda aýyplady.

“BMG-niň ähli agza ýurtlary Eýrana ýarag embargosyny girizmeli, raketa tehnologiýalarynyň geçirilmegini we söwdasyny gadagan etmeli, şeýle-de, BMG-niň 2015-nji ýyla çenli dowam eden we häzir gaýtadan girizilen berk sanksiýalaryna laýyklykda, degişli maliýe aktiwlerini doňdurmaly” diýip, Walts aýtdy.

Ol BMG-niň gaýtadan girizilmegi meýilleşdirilen düzgünleriniň baş-başdaklyk däldigini aýtdy. Ol bu düzgünleriň Eýranyň ýadro, raketa we adaty ýaraglaryny, şeýle-de Tähranyň terrorçylyga yzygiderli goldaw bermeginiň döredýän howpuny aradan aýyrmaga gönükdirilendigini nygtady.

ABŞ-nyň BMG-däki wekili Orsýet bilen Hytaýyň sanksiýa komitetiniň işlemegini "kanuny garşylyklar sebäpli däl-de, hyzmatdaşlary bolan Eýrany goramak we gadagan edilen goranyş hyzmatdaşlygyny ýene dowam etdirmek isleýändikleri üçin" islemeýändigini aýtdy.

Hytaýyň wekili Fu Kong, öz gezeginde, Eýranyň ýadro krizisine ABŞ-nyň sebäp bolandygyny we "gepleşikleriň geçirilýän wagtynda Eýrana garşy açyk güýç ulanandygyny, bu ýagdaýyň diplomatik tagallalary puja çykarandygyny" aýtdy.

XS
SM
MD
LG