Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň döwlet sekretary arap liderleri bilen duşuşýar


ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken
ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken

8-nji ýanwarda ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken arap liderleri bilen has köp gepleşikleri geçirýär. Bu Gazadaky urşuň geriminiň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça alnyp barylýan diplomatiki tagallalaryň çäginde amal edilýär.

Blinken Birleşen Arap Emirliklerinde Dubaýyň dolandyryjysy Şeýh Mohammed Bin Zaýed Al Nahýan bilen eýýäm gepleşikleri geçirdi. Onuň Saud Arabystanynda täç geýdirilen şazada Mohammed bin Salman bilen hem duşuşmagyna garaşylýar.

Blinken mundan soň Ysraýyla ugrar.

Blinken arap liderlerini palestinalary Gaza zolagynyň daşyna ýerleşdirmek planlaryna ABŞ-nyň garşy durýandygyny ynandyrmagy maksat edinýär.

XS
SM
MD
LG