9-njy fewralda ABŞ-nyň harbylary Russiýanyň “kölege flotuna” degişlidigi diýilýän ýene bir gämini saklady. Bu barada Pentagonyň metbugat gullugy habar berdi.
Beýanatda amerikan harbylarynyň Hindi ummanynda Aquila II gämisini saklandygy aýdylýar. Gämi Karib deňzinden tä Hindi ummanyna çenli takmynan üç hepdä golaý yzarlandy.
Beýanatda gäminiň “prezident Tramp tarapyndan sanksiýa düşen gämiler üçin Karib deňzinde girizilen karantin düzgünlerini bozup hereket edendigi” aýdylýar. Gämi Wenesuelanyň nebitini sanksiýalardan sowlup Hytaýa geçirmek synanyşygynda şübhelenýär. Şol bir wagtda, ol sanksiýa sanawyna Russiýanyň “kölege flotunyň” bir bölegi hökmünde girizilipdir. Häzirki wagtda ekipaž agzalarynyň arasynda rus raýatlarynyň bardygy ýa ýokdugy boýunça maglumat berilmeýär.
“Kölege floty” diýlende, Russiýanyň nebitini we beýleki serişdelerini daşaýan, üçünji ýurtlaryň baýdagy astynda ýüzýän, emma de-fakto Russiýanyň gözegçiliginde bolýan gämiler göz öňünde tutulýar. Şeýle ýüzlerçe gämi ABŞ-nyň, Ýewropa Bileleşiginiň we Britaniýanyň sanksiýa sanawlaryna girizildi.