KIÝEW — Russiýa Ukrainanyň paýtagtyna ballistik raketalar bilen güýçli hüjüm edip, azyndan iki adamyň ölümine sebäp boldy. Hüjüm parahatçylyk gepleşiklerini ilerletmek boýunça täzelenen tagallalaryň çäginde Kiýewe gelen Ak tamyň wekilleriniň şäherden gitmeginden birnäçe sagat soň amala aşyryldy.
8-nji sentýabrdaky hüjüm tas her gün gaýtalanýan zarbalaryň gysga wagtlyk arakesmesinden soň boldy. Bu zarbalar Russiýanyň ägirt uly adam ýitgilerine garamazdan, Ukraina garşy dört ýarym ýyla golaý wagt bäri alyp barýan urşuny dowam etdirmek maksadyny alamatlandyrýar.
Halas edijiler Kiýewiň etraplarynyň birinde harabalyklaryň aşagyndan jesetleri çykardylar, ýangyn söndürijiler bolsa hüjümiň döreden ýangynlaryny öçürmäge çalyşdylar. Hüjümde reaktiw hereketlendirijili dronlar hem ulanyldy. Ukraina bu kuwwatly ýaraga garşy goranmakda kynçylyk çekýär.
Adatdan daşary ýagdaýlar gulluklarynyň maglumatyna görä, azyndan 10 adam ýaralandy.
Ukrainanyň harbylarynyň aýtmagyna görä, Russiýa gijeki hüjüminde onlarça ballistik we ganatly raketany, şeýle-de 160-dan gowrak drony ulandy.
Soňky bir hepdäniň dowamynda Russiýa Ukraina tas her gün hüjüm etdi. Howa goragy üçin niýetlenen raketalaryň, ilkinji nobatda ABŞ-da öndürilýän «Patriot» raketalarynyň ýetmezçiligi Ukrainanyň bu hüjümlerden goranmak mümkinçiliklerini düýpli çäklendirýär.
Hüjüm ABŞ-nyň ýörite wekilleri Stiw Witkoff bilen Jared Kuşneriň Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski we beýleki resmiler bilen duşuşyklaryndan soň Kiýewden gitmeginden birnäçe sagat soň boldy. Olar Kiýewe gelmezden öň Moskwa baryp, prezident Wladimir Putin bilen gepleşik geçirdiler.
Bu Ak tamyň iki wekiliniň Kiýewe eden ilkinji sapary boldy. Witkoff bolsa 2025-nji ýylyň başyndan bäri Putin bilen sekiz gezek duşuşdy.
Waşington häzirki wagtda altynjy aýyna giren Eýran bilen urşa ileri tutulýan mesele hökmünde garandygy sebäpli, ABŞ-nyň parahatçylyk gepleşiklerini ilerletmek boýunça tagallalary soňky aýlarda hereketsiz galypdy.
Ukrainanyň daşary işler ministri Andriý Sibiga Kiýewiň ýaranlaryny «herekete geçmäge we agressora basyşy güýçlendirmäge» çagyrdy.
Russiýanyň Goranmak ministrligi hüjümiň Ukrainanyň goranyş senagatyna we harby üpjünçiligine degişli desgalary nyşana alandygyny aýtdy.
Ýewropa Bileleşiginiň Ukrainadaky ilçisi Katarina Maternowa Russiýanyň hüjümi wagty «Kiýewiň partlap, ýanyp durandygyny» we özüniň gijäni gaçybatalgada geçirendigini aýtdy.
«Geçen gije Kiýewde bolan zatlar dowzahyň özüdi» diýip, ol X platformasynda ýazdy. «Parahatçylykda ýaşaýan we öz düşeginde arkaýyn uka gidýän hiç kime beýle ýagdaýy rowa görmerin».
Witkoff bilen Kuşner geçen dynç günlerinde gepleşik geçirmek üçin ilkinji gezek Kiýewe bardylar.
Zelenski bilen duşuşygyndan soň Witkoff gepleşikleri netijeli diýip häsiýetlendirdi we Waşingtonyň Moskwadan «täze pikirleri» eşidendigini aýtdy. Kuşner bolsa ABŞ-nyň has giň gerimli «parahatçylyk bukjasynyň» üstünde işleýändigini belledi.
Zelenski hem amerikalylar bilen geçiren gepleşiklerini «örän mazmunly» diýip atlandyrdy we Ukrainanyň Kiýewiň, Waşingtonyň hem-de Moskwanyň gatnaşmagynda üçtaraplaýyn gepleşiklere geçmäge taýýardygyny aýtdy.
Kiýewdäki gepleşikleriň bir bölegine Britaniýanyň, Fransiýanyň we Germaniýanyň milli howpsuzlyk boýunça geňeşçileri hem gatnaşdylar.
Ukraina Russiýanyň we ABŞ-nyň resmileri bilen ýene bir duşuşyk geçirmäge taýýardygyny mälim etdi. Şeýle duşuşyk geçen ýyldan bäri geçirilmedi.
Emma Kreml uruşda öňde goýan maksatlary baradaky berk tutumyny ýumşadandygyny görkezýän hiç hili alamat bermedi. 5-nji sentýabrda Putin bilen geçirilen duşuşyklardan soň žurnalistlere beren gürrüňinde Kremliň daşary syýasat boýunça geňeşçisi Ýuriý Uşakow Russiýanyň konfliktiň «düýp sebäplerini» «aradan aýyrmak» üçin hereketlerini dowam etdirjekdigini aýtdy.
«Düýp sebäpler» Russiýanyň 2022-nji ýyldaky çozuşdan öň hem öňe süren dürli nägileliklerini jemleýän aňlatmadyr. Olaryň arasynda Zelenskiniň kanuny prezident däldigi we ukrain hökümetiniň ýurtda ene dili rusça bolan adamlary basyş astynda saklaýandygy baradaky öňe sürmeler hem bar.
Forum