Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ: Russiýa bilen Demirgazyk Koreýanyň arasyndaky ýarag söwdasy BMG kararlaryny bozar


Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin we Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Un bilen. Arhiw suraty
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin we Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Un bilen. Arhiw suraty

Birleşen Ştatlar Russiýanyň Demirgazyk Koreýa bilen ýarag şertnamasyny baglaşmagynyň BMG-niň kararlaryna ters gelýändigini we ony bozjakdygyny aýdýar.

"Demirgazyk Koreýa bilen Russiýanyň arasynda islendik howpsuzlyk hyzmatdaşlygy ýola goýulsa ýa-da ýarag şertnamasy baglaşylsa, bu BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň birnäçe kararyny bozar" diýip, döwlet departamentiniň metbugat sekretary Wedant Patel 15-nji awgustda aýtdy.

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin we Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Un 15-nji awgustda, Phenýanyň Demirgazyk Koreýanyň Milli azat ediş gününi bellemegine gabat, iki ýurduň arasyndaky has uly gatnaşyklar barada gürrüň etdiler.

XS
SM
MD
LG