Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Russiýa garşy sanksiýalaryň täze tapgyryny girizdi


ABŞ-nyň Maliýe departamenti
ABŞ-nyň Maliýe departamenti

ABŞ-nyň Maliýe departamenti Russiýanyň Ukrainada alyp barýan urşunyň zerurlyklary üçin, üçünji ýurtlar arkaly, tehnologiýa we serişdeler bilen üpjün eden 130 gurama we şahsa garşy sanksiýalary girizdi. Gadagançylyga düşenleriň arasynda Türkiýäniň, Hytaýyň we Birleşen Arap Emirlikleriň dagy raýatlary bar.

Mundan başga-da, Döwlet departamenti hem Moskwanyň Ukrainadaky esassyz urşy sebäpli Russiýa garşy girizilen sanksiýalardan sowa geçmäge ýardam eden, 90 gurama we şahsa garşy diplomatiki sanksiýalary girizdi.

Döwlet sekretary Antoni Blinken bu çäreleriň Russiýanyň geljekki energiýa mümkinçiliklerine gönükdirilendigini, munuň hem “Moskwanyň weýran ediji meýilleri üçin geljekki girdejileri çekmek mümkinçiliklerini çäklendirjekdigini” belledi.

XS
SM
MD
LG