Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Russiýanyň Ýadro synagyny gadagan etmek şertnamasynyň tassyklanmagyny ýatyrmagyna alada bildirýär


ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken
ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken

Russiýanyň ýadro ýaraglarynyň synagyny gadagan edýän global ylalaşygy tassyklamagyny ýatyrmagy ýalňyş tarapa edilen ädim boldy, şeýle-de bu ýaraglary kontrol etmek boýunça halkara režimine bolan ynama ýaramaz täsir ýetirer diýip, ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken 2-nji noýabrda aýtdy.

Şol günde rus prezidenti Wladimir Putin ýadro synagyny gadagan etmek baradaky giňişleýin şertnamany (CNTB) tassyklamagyny ýatyrmak baradaky karara gol çekdi. Bu barada hökümet websaýtynda habar peýda boldy

Putin Günbatar bilen dargtynlylyklaryň ýitileşýän mahaly, bu ädimi geçen aý hödürläpdi. Ol bu çäräni 1996-njy ýyldaky şertnama gol çeken, emma ony hiç haçan tassyklamadyk ABŞ-nyň pozisiýasyny "gaýtalamak" hökmünde häsiýetlendirdi.

XS
SM
MD
LG