Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ senatory täjik prezidentini “repressiýalary dessine bes etmäge” çagyrýar


Senator Ben Kardin
Senator Ben Kardin

Birleşen Ştatlaryň Senatynyň Daşary gatnaşyklar boýunça komitetiniň başlygy Ben Kardin täjik prezidenti Emomali Rahmony Täjigistandaky parahatçylykly demonstrantlara, jemgyýetçilik liderlerine, žurnalistlere we aktiwistlere edilýän basyşlary, şeýle-de “transmilli repressiýalaryň ähli görnüşlerini” “dessine bes etmäge” çagyrdy.

5-nji dekabrda ýaýradylan beýanatda senator Kardin “eden-etdilikli ýagdaýda tussaglyklar, adalat prosessiniň ýoýulmagy, galyberse-de žurnalistleriň, syýasy dissidentleriň, jemgyýetçilik we dini liderleriň gynalmagy, hüjümlere sezewar edilmegi we öldürilmegi ýaly ýagdaýlar barada dowamly maglumatlaryň gowuşýandygyny” belledi.

“Birleşen Ştatlar Täjigistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi isleýär” diýip beýanatda aýdylýar. “Adam hukuklaryny we kanunyň hökmürowanlygyny ilerletmek bilen, bu Täjigistana daşary ýurt sermaýalary, syýahatçylyk we söwda boýunça uzak möhletleýin bähbitleri getirer” diýip dokumentde nygtalýar.

Prezident Emomali Rahmon Täjigistana 30 ýyl çemesi ýolbaşçylyk edýär. Ol halkara hukuk gurmalary tarapyndan media erkinligini, din we raýat jemgyýet azatlyklaryny we syýasy köpdürliligi çäklendirmekde tankytlanýar.

XS
SM
MD
LG