Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-Türkmenistan Işewürlik geňeşiniň topary Aşgabada sapar edýär


ABŞ we Türkmenistan baýdaklary
ABŞ we Türkmenistan baýdaklary

5-7-nji dekabr aralygynda Aşgabatda ABŞ-Türkmenistan Işewürlik geňeşiniň (USTBC) ýyllyk biznes-missiýasy geçer. Bu barada ýarym-resmi internet neşirleri habar berýär.

Maglumata görä, forumyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňişleýin meýilnamasy maslahat ediler.

ABŞ-Türkmenistan Işewürlik geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuartyň ýolbaşçylygyndaky amerikan wekiliýetiniň düzümine “Climate Compass”, “Case New Holland”, “Honeywell”, Jon Dir, “Palo Alto Networks”, “Visa” we “Westport Trading Europe Ltd.” ýaly kompaniýalaryň wekilleri girer diýip, resmi maglumatda aýdylýar.

ABŞ-Türkmenistan Işewürlik geňeşi düýbi Waşingtonda ýerleşýän bähbit aramaýan gurama bolup, ol ABŞ bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny ilerletmegi maksat edinýär. Geňeşiň missiýasy ABŞ-Türkmenistan arasyndaky söwdany we serýamany, ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek we munuň ähmiýetini jemgyýetçilige ýetirmekden ybarat.

XS
SM
MD
LG