Amerikanyň Birleşen Ştatlary "Patriot" howa gorag raketalarynyň Ukraina has çalt iberilmegini üpjün etmek üçin olaryň meýilleşdirilen gowşuryşlaryny "gaýtadan kesgitlär" diýip, Ak tamyň Milli howpsuzlyk geňeşiniň metbugat sekretary Jon Kirbi (John Kirby) 20-nji iýunda aýtdy.
Bu maglumat, Waşingtonyň Kiýewiň goşmaça howa goranyş mümkinçiliklerine bolan "umytsyz mätäçligini” kanagatlandyrmaga çalyşýan mahalyna gabat geldi.
Bu karar, "önümçilik liniýasyndan gelýän raketalaryň" Ukraina gitjekdigini we beýleki ýurtlaryň sargyt eden raketalarynyň gowşurylyşyna garaşmaly boljakdygyny aňladýar.
"Bu, Ukrainany söweşiň möhüm pursatynda ätiýaçlyk gorlaryny saklamak üçin zerur raketalar bilen üpjün edip biljekdigimize kepil geçer" diýip, Kirbi bu karary "kyn, ýöne zerur" diýip häsiýetlendirdi.