Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ we Eýran çaknyşygy bes etmek barada deslapky ylalaşyga gol çekdi

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp we Eýranyň prezidenti Masud Pezeşkian özara dünüşmk baradaky memoranduma gol çekdiler.
Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp we Eýranyň prezidenti Masud Pezeşkian özara dünüşmk baradaky memoranduma gol çekdiler.

Birleşen Ştatlaryň we Eýranyň prezidentleri özara düşünişmek baradaky memoranduma gol çekdiler. Deslapky parahatçylyk ylalaşygyny alamatlandyrýan bu memorandum çaknyşygy bes etmegi maksat edinýär we dessine güýje girýär.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp özara düşünişmek baradaky memoranduma 17-nji iýunda G7 sammitinden soň “Versailles” köşgünde geçirilen agşamlyk naharynyň dowamynda gol çekdi.

Ak Tam we Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron tarapyndan “X” sosial ulgamynda paýlaşylan wideoda Trampyň resminama gol çekýändigi görkezilýär.

“Bu aňsat bolmady” diýip, Tramp ylalaşyga gol çekende aýtdy. Şol pursatda Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron we beýleki myhmanlar el çarpýardylar.

“Bu ylalaşyk dowamly parahatçylyga ýol açýar we Hormuz bogazynyň gaýtadan açylmagyna mümkinçilik berýär” diýip, Makron “X” sosial ulgamynda paýlaşylan maglumatynda ýazdy.

Eýranyň döwlet habar agentligi IRNA Eýranyň prezidenti Masud Pezeşkianyň Eýran bilen ABŞ-nyň arasyndaky ylalaşyga gol çekişini görkezýän suratlary ýaýratdy.

Suratlarda Eýranyň prezidenti resminamanyň sahypalaryny kameralara tarap tutýar we onda onuň hem-de ABŞ-nyň prezidentiniň çeken goly görünýär.

Pakistanyň premýer-ministri Şehbaz Şarif “X” sosial ulgamynda paýlaşan maglumatynda ylalaşygyň derhal güýje girjekdigini yglan etdi. Şarifiň hökümeti ylalaşyga gelinmegine araçylyk etmäge kömek etdi.

ABŞ-nyň administrasiýasynyň ýokary derejeli resmileri Birleşen Ştatlar bilen Eýranyň üç aý bäri dowam edýän urşuň soňuna çykmak we Hormuz bogazyny täzeden açmak boýunça özara düşünişmek baradaky memoranduma 15-nji iýunda elektron görnüşinde gol çekendiklerini mälim edipdiler. Memorandum 28-nji fewralda ABŞ-nyň we Ysraýylyň Eýrana howa hüjümleri amala aşyrmagy bilen başlanan çaknşygy bes etmegi maksat edinýär.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG