Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ we Eýran soňky minutda 2 hepdelik ýaraşyk ylalaşygyna geldi

Eýran urşunda iki hepdelik ýaraşyk yglan edileninden soň, adamlar Tähranda ýygnanyşýarlar
Eýran urşunda iki hepdelik ýaraşyk yglan edileninden soň, adamlar Tähranda ýygnanyşýarlar

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp we Eýran, Pakistanyň araçylygynda, iki hepdelik atyşygy bes etmek ylalaşygyna geldi we bu iki tarapa uçutdan yza çekilip, parahatçylyk ylalaşygyny baglaşmak üçin wagt berer öýdülýär.

Eger-de Eýran ylalaşyga gelmese, "bu gije tutuş siwilizasiýa öler" diýip, sosial media ýazgysyny ýazan Tramp Tährandan 10 maddadan ybarat teklip alandygyny we "bu gepleşik geçirmek üçin kabul ederlik esas" diýip hasaplaýandygyny aýtdy.

Kuwwatly Yslam rewolýusiýasy goragçylary korpusyna (IRGC) ýakyn bolan “Tasnim” habar agentligi iki tarapyň arasynda, "aýratyn şertler bilen", atyşygy bes etmek baradaky ylalaşygyň "gurlandygyny" tassyklady.

“Olar menden şu gije Eýrana iberilýän ýok ediji güýjüň saklanmagyny saklanmagyny we Eýran Yslam Respublikasy Hormuz bogazynyň doly, derrew we howpsuz açylmagyna razy bolan halatynda, men Eýranyň bombalanmagyny we hüjümi iki hepde möhlet bilen togtatmaga razy” diýip, Tramp ýazdy.

Tramp Eýranyň teklibi barada jikme-jik maglumat bermedi, ýöne ylalaşygyň Tähranyň dünýäde nebitiň we gazyň 20%-niň geçýän esasy gämi ýolundan, Hormuz bogazyndan gämileriň erkin geçmegine rugsat bermegine bagly boljakdygyny sözüne goşdy.

XS
SM
MD
LG