ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp, Ysraýylyň 28-nji fewralda "öňüni alyş hüjümini" amala aşyrandygyny yglan etmeginden birnäçe sagat soň, Waşingtonyň Eýrana garşy "uly söweş operasiýalaryna" başlandygyny aýtdy.
Eýranyň Yslam rewolýusiýasyny sakçylary korpusy Ysraýyla garşy dronlaryň we ballistik raketalaryň "ilkinji tolkunyny" atmak bilen jogap berdi. Ysraýylyň Goranmak güýçleri bolsa, hüjümleriň öňüni almak operasiýalarynyň dowam edýändigini aýtdy.
Sosial mediada ýerleşdirilen wideo beýanatynda Tramp öz maksadynyň "Eýran režiminden ýakyn wagtda abanýan howplary ýok etmek arkaly amerikan halkyny goramakdan" ybaratdygyny aýtdy.
"Men bu beýanaty ýöne ýerden etmeýärin. Eýran režimi öldürmek isleýär" diýip, Tramp wideoda aýtdy.
"Mert amerikan gahrymanlarynyň jan ýitgisi bolup biler we uruşda köplenç bolşy ýaly, biz pidalara duçar bolup bileris, ýöne biz muny häzirki wagt üçin etmeýäris. Biz muny geljek üçin edýäris we bu asylly wezipe" diýip, ol belledi.
Eýranyň metbugaty Tähran, Täbriz, Isfahan, Kum, Lorestan we Çabahar ýaly birnäçe şäherde partlamalaryň bolandygyny habar berdi. Wideo we foto suratlarda Tähranyň üstünde azyndan bir uly tüssäniň ýokary, asmana göterilýändigi görünýär.
Ysraýylyň goranmak ministri Israel Katz 28-nji fewralda irden “Ysraýyl döwleti Ysraýyl döwletine howp salýan howplary aradan aýyrmak üçin Eýrana garşy öňüni alyş hüjümini etdi” diýdi.
Tramp, Birleşen Ştatlar geçen ýylyň iýun aýynda Eýran bilen Ysraýylyň arasynda bolan 12 günlük uruşda möhüm desgalary bombalanyndan soň, Tährany ýadro ýaraglary programmasyny täzeden döretmäge synanyşmakda aýyplady.
Mundan ozal, Tramp ýanwar aýynda Eýranyň hökümete garşy geçirilen we müňlerçe adamyň öldürilen protestlerde "kömegiň ýoldadygyny" wada beripdi. Tähran bu protestleri basyp ýatyrdy we Birleşen Ştatlary we Ysraýyly ony gurnamakda aýyplady.
Soňky hüjümler Ýakyn Gündogardaky dartgynlylygyň ep-esli ýokarlanýandygyny görkezýär we Eýranyň ýadro programmasy boýunça Tähran bilen Waşingtonyň arasyndaky diplomatik ylalaşyk üçin umytlary has-da azaldýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum