ABŞ, Ýaponiýa we Günorta Koreýa şu tomus bilelikdäki üçtaraplaýyn täze harby türgenleşikleri geçirmek barada ylalaşdylar. Bu barada 2-nji iýunda Birleşen Ştatlaryň Goranmak departamenti üç ýaranyň goranmak ministrleriniň duşuşygyndan soň mälim etdi.
ABŞ-nyň goranmak sekretary Lloýd Austin, Ýaponiýanyň goranmak ministri Minoru Kihara we Günorta Koreýanyň goranmak ministri Şin Won-sik Singapurdaky ýyllyk Şangri-La Dialogy howpsuzlyk sammitiniň çäklerinde duşuşdylar.
Üç ýaran “Koreýa ýarymadasynda, Hindi-Ýuwaş umman sebitinde we ondan daşda-da parahatçylygy we durnuklylygy kepillendirmek boýunça üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy dowam etdirmäge ygrarly” diýip, beýanatda aýdylýar.