Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ ýaranlary Ysraýyla “heläkçilikli” Rafa operasiýasy babatda duýduryş berdi


Rafada azyga garaşýan çagalar
Rafada azyga garaşýan çagalar

Awstraliýanyň, Kanadanyň we Täze Zelandiýanyň ýolbaşçylary 15-nji fewralda, barha güýçlenýän halkara aladalarynyň arasynda, Ysraýyla Gazanyň günortasyndaky Rafa şäherinde bolup biljek "betbagtçylykly" gurýer hüjümi babatynda duýduryş berip, ýörite beýanat çap etdi.

Arkalaşyk döwletleriniň üçlügi, Ysraýylyň birnäçe aý bäri dowam etdirýän uruş tagallalaryndan çuň we barha artýan aladalaryny bildirip, seýrek ýüzlenýän bilelikdäki beýanatlaryny ulandylar. Onda üçlük premýer-ministr Benýamin Netanýahuy "bu ýoldan gitmezlige" çagyrdy.

"Bu sebitde 1,5 milliona golaý palestinaly ýaşaýar, şol sanda ol ýerde biziň köp sanly raýatymyz we olaryň maşgala agzalary pena tapdy” diýip, ABŞ ýarany bolan topar aýtdy.

XS
SM
MD
LG