Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ, ÝB Belarusdaky tussag etmeleriň soňky tolkunyny ýazgardylar


Adam hukuklaryny goraýjy guramalar, diňe bir günüň dowamynda belarusyň howpsuzlyk güýçleriniň 150-den hem aşa adamy saklandygyny ýa-da soraga çekendigini aýdýarlar. (arhiw suraty)
Adam hukuklaryny goraýjy guramalar, diňe bir günüň dowamynda belarusyň howpsuzlyk güýçleriniň 150-den hem aşa adamy saklandygyny ýa-da soraga çekendigini aýdýarlar. (arhiw suraty)

25-nji ýanwarda Ýewropa Bileleşigi we Birleşen Ştatlar Belarusy şu hepdäniň dowamynda alyp barýan giň gerimli syýasy reýdleri üçin ýazgardylar.

Adam hukuklaryny goraýjy guramalar, diňe bir günüň dowamynda belarusyň howpsuzlyk güýçleriniň 150-den hem aşa adamy saklandygyny ýa-da soraga çekendigini aýdýarlar.

Adam hukuklary boýunça “Wýasna” toparynyň maglumatyna görä, soňky çäreleriň çäginde režim syýasy tussaglaryň maşgalalaryny we golaýda türmeden boşadylan ozalky bendileri nyşana alýar.

“Ýewropa Bileleşigi repressiýalaryň soňky tolkunyny mümkin iň berk görnüşde ýazgarýar” diýip, Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça başlygy Josep Borrell aýtdy.

Waşington hem režimiň “adam hukuklaryna hüjümlerini we Belarusyň halkynyň demokratiýa ugrundaky ymtylmalarynyň öňüni almak synanyşyklaryny” ýazgardy.

XS
SM
MD
LG