Ysraýyl Gazadaky bigünä adamlaryň ömürlerini goramakda jogapkärçilik çekýär diýip, ABŞ-nyň milli howpsuzlyk geňeşçisi Jeýk Salliwan 29-njy oktýabrda, parahat palestinalylaryň ölümi baradaky tankydyň barha ýokarlanýan wagtynda aýtdy.
Gaza zolagynda ölenleriň sanynyň müňlerçe adama baryp ýetmegi bilen, prezident Jo Baýdeniň administrasiýasyna Ysraýyla berýän berk goldawynyň ýaranlarynyň edýän ähli işini makullaýandygyny aňlatmaýandygyny açyk-aýdyň etmegi üçin edilýän basyş köpelýär.
Salliwan telewideniýede berlen söhbetdeşlikleriň birinde Waşingtonyň Ysraýyldan berk soraglary soraýandygyny, şol sanda ynsanperwer kömegi, terroristler bilen bigünä raýatlary tapawutlandyrmak we Ysraýylyň harby operasiýalary babatynda nähili pikir edýändigi barada soraýandygyny aýtdy.