"Wall Street Journalyň" Russiýada içalyşylykda aýyplanýan žurnalisti Ewan Gerşkowiçiň kazyýet işi gaýtadan başlandy. Ol bir ýyldan gowrak wagt bäri tussaglykda saklanýar. ABŞ hökümeti we iş berijisi syýasy äheňlidigini aýdyp, içalyçylyk aýyplamasyny ret etdi.
Ýekaterinburgdaky Swerdlowsk sebit kazyýeti 18-nji iýulda Gerşkowiçiň kazyýet işinde ikinji diňlenişigiň başlandygyny habar berdi.
Gerşkowiçiň goranmak toparynyň haýyşy boýunça kazyýet şu hepdäniň başynda onuň işine gaýtadan başlamagyň senesiniň 13-nji awgustdan 18-nji iýula geçirilendigini aýtdy. Ýöne kazyýet diňlenişigiň geçiriljek senesini üýtgetmek bilen bagly delilleri aýan etmedi.
Kazyýet işi 26-njy iýunda başlandy we ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçirilýär.
Gerşkowiç 2023-nji ýylyň 29-njy martynda Ýekaterinburgda, iş sapary wagtynda tussag edildi we soňra Merkezi aňtaw gullugyna geçirmek üçin harby syrlary ele salmakda aýyplandy. Ol Sowuk urus döwründen bäri Russiýada içalyçylykda aýyplanyp tussag edilen ilkinji ABŞ žurnalisti boldy.
32 ýaşly, öňki Sowet Soýuzyndan gelen immigrantlaryň ogly we Amerikada doglan Gerşkowiç günäkär tapylan ýagdaýynda 20 ýyla çenli azatlykdan mahrum ediler we bu netije tasdan belli bolup görünýär.
"The Wall Street Journal" we ABŞ hökümeti oňa bildirilýän içalyçylyk aýyplamalaryny üzül-kesil ret etdiler we Gerşkowiçiň tussag edilen wagtynda diňe akkreditlenen habarçy wezipesini ýerine ýetirendigini aýtdylar.
Kazyýet diňlenşiginiň açylyşyndan soň, ABŞ-nyň Moskwadaky ilçihanasy 26-njy iýunda çap eden beýanatynda rus häkimiýetleriniň bu aýyplamalary tassyklamak üçin hiç hili subutnama görkezmändigini aýtdy we Gerşkowiçiň derrew boşadylmagyny talap etdi. Şeýle-de, ilçihana Moskwanyň ABŞ raýatlaryny syýasy maksatlar üçin tutaryk hökmünde ulanmagy bes etmegini talap etdi.
Gerşkowiçiň tussag edileli bäri saklanylýan ýowuz tussaghanasyndan, Moskwanyň Lefortowo türmesinden boşadylmagy baradaky haýyşlary ret edildi.
Onuň tussag edilen wagty Russiýanyň Ukrainadaky urşuny tankytlamagyň jenaýat hasaplanmagy baradaky täze kanunlarynyň kabul edilmeginiň bir ýyl çemesi soňuna gabat geldi. Kreml bu urşy "ýörite harby operasiýa" diýip atlandyrýar we onuň tankytlanmagyna rus goşunynyň biabraý edilmegi hökmünde garaýar.
Gerşkowiç we içalyçylyk aýyplamasy bilen 16 ýyl azatlykdan mahrum edilen ýene bir ABŞ raýaty, Pol Whelan ABŞ hökümeti tarapyndan "nädogry tussag edilen” adamlar hökmünde kesgitlendi.
Bu hili kesgitleme olaryň işleriniň ABŞ-nyň Döwlet departamentinde zamun alnanlaryň işleri bilen meşgullanýan ýörite wekiliň ygtyýaryna geçirilmegini, olaryň ýagdaýlarynyň syýasy profiliniň ýokarlandyrylmagyny we ABŞ administrasiýasyna tussaglaryň boşadylmagyny üpjün etmek üçin has köp serişde bölünip berilmegini üpjün edýär.
Gerşkowiç häzir rus häkimiýetleri tarapyndan saklanylýan iki amerikan žurnalistiniň biri bolup, olaryň beýlekisi ABŞ-Russiýa goşa raýatlygy bolan Alsu Kurmaşewadyr.
Azatlyk Radiosynyň weteran žurnalisti, 47 ýaşyndaky Kurmaşewa Kazanda oktýabr aýynda, Russiýanyň žurnalistleri, raýat aktiwistlerini we beýlekileri nyşana alýan “daşary ýurt agenti” kanuny esasynda hasaba durmazlykda aýyplanyp saklandy.
Soň ol rus goşuny barada galp maglumat ýaýratmakda aýyplandy we günäli tapylan halatynda 10 ýyla çenli azatlykdan mahrum ediler.
Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy we ABŞ-nyň hökümeti bu aýyplamalaryň oňa Pragadan berilýän teleradio gepleşiklerindäki žurnalistlik işi üçin, ar almak maksady bilen ýöňkelendigini aýdýarlar.
Ksenia Karelina, ýene bir ABŞ-Russiýa raýaty, dönüklikde aýyplanyp, iýun aýynda Ýekaterinburgda kazyýet diňlenişigine çykaryldy.
33 ýaşly Karelina fewral aýynda, dogduk mekany Ýekaterinburga sapara gelende tussag edildi, howpsuzlyk işgärleri ony Ukrainany ýarag bilen üpjün eden diýilýän ukrain gaznasyna serişde toplamakda aýyplady.
“The Razom For Ukraine” gaznasy uruşdan ejir çeken ukrain raýatlaryna kömek edýär.
Forum