Adam hukuklaryny gorap çykyş edýän toparlaryň berk tankytlaryna we owgan häkimiýetleri tarapyndan aýallara garşy repressiýalaryň artýandygyna garamazdan, Ýewropa Bileleşigi owganlaryň yzyna gaýtarylmagy boýunça “tehniki gepleşikler” üçin “Talybanyň” wekiliýetini ilkinji gezek Brýusselde kabul etmäge taýýarlanýar.
27 ýurtdan ybarat blok “Talybanyň” ýolbaşçylygyndaky hökümeti ykrar etmeýär, ýöne iýun aýynda, ähtimal, 22-nji ýa-da 23-nji iýunda Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Abdul Kahar Balhiniň ýolbaşçylygyndaky owgan yslamçy režiminiň delegasiýasy bilen duşuşyk geçirmegi meýilleşdirýär.
Brýussele sapar edýän owgan delegasiýasy Ýewropa Komissiýasynyň, Ýewropa Daşary hereket gullugynyň (EEAS) ýokary derejeli resmileri we bileleşige agza birnäçe döwletiň, şol sanda Şwesiýanyň wekilleri bilen duşuşar.
Gepleşiklere görülýän taýýarlyklar, esasanam BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde tas 3,8 million owgan gyzynyň bilim almagyna rugsat berilmeýändigi we olaryň hataryna her ýyl ýene-de takmynan 250 müň sanysynyň goşulýandygy barada mälim edilenden soň, köp tarapdan berk garşylyklara sebäp boldy.
ÝB-niň metbugat wekili ýakynda geçirilen metbugat ýygnagynda “gatnaşmak ykrar etmek diýmegi aňlatmaýar” diýen çykyşyny tekrarlady. Emma bu, migrasiýany ýeňilleşdirmek we migrantlaryň öz ýurtlaryna dolanmagyny artdyrmak üçin blok boýunça edilýän başlangyçlaryň bir bölegi hökmünde geçiriljek duşuşyklary tankyt edýänleri köşeşdirmäge ýeterlik bolmady.
“Bu uly ýalňyşlyk” diýip, düýbi Brýusselde ýerleşýän “CEPS” garaşsyz pikir merkeziniň wekili Şagofah Ghafori aýtdy.
“Iň gowusy, Brýussel daraldyjy syýasy basyşlara boýun egýär; iň erbedi, ol jyns taýdan kemsitme we terror režimini kadalaşdyrýar - we bularyň hemmesi esasy gymmatlyklaryň we uzak möhletli howpsuzlygyň hasabyna migrasiýa boýunça gysga möhletli 'çözgüt' üçin edilýär” diýip, Ghafori belledi.
Ýerine ýetirilmedik wadalar
“Talyban”, söweşijiler häkimiýetden agdarylandan ýigrimi ýyl soň, halkara güýçleri 2021-nji ýylyň awgust aýynda Owganystandan çykanda häkimiýeti ele saldy.
“Talyban” liderleri owganlaryň öň häkimiýetde bolan berk režimiň döwrüne garanda has köp azatlyklara we hukuklara eýe boljakdygyny söz berdiler. Emma “Talybanyň” ýolbaşçylygyndaky hökümet öz wadalaryny ýerine ýetirmedi we köp toparlara, esasanam aýallara we gyzlara garşy berk basyş edýär.
Repressiýanyň nähili çuňňur kök urandygynyň ýene bir subutnamasy hökmünde, geçen hepde “Talyban” häkimiýetleriniň Owganystanyň günbataryndaky Herat welaýatynda takyk sany belli bolmadyk zenanlary hijab geýmek bilen baglanyşykly “Talybanyň” düzgünlerine boýun egmezlikde aýyplap saklandygy ýa-da tussag edendigi habar berildi.
Ertesi gün “Talybanyň” ahlak polisiýasy heratly aýallar öz hukuklarynyň we azatlyklarynyň ýoklugyna garşy protest geçirip başlandan soň, olara ot açdy. Şaýatlar protestlerde azyndan bir protestçiniň ölendigini habar berdiler. “Talyban” pidalaryň ýa-da tussag etmeleriň bolandygyny häzire çenli tassyklamady.
Belgiýanyň parlament agzasy we “Talyban” režiminiň aýallara, gyzlara, žurnalistlere, adam hukuklaryny goraýjylara we azlyklara täsir edýän “köp sanly we yzygiderli adam hukuklaryny bozmakda” jogapkärdigini öňe sürýän we hökümete iberilen hatyň başlangyçlarynyň biri bolan Saskia Brikmont “Talyban” wekilleriniň Brýussele girmegine rugsat bermegiň “çuňňur alada döredýän” syýasy alamat boljakdygyny aýtdy.
“Adam hukuklaryna we demokratik gymmatlyklara bolan ygrarlylygymyz ara alyp maslahatlaşmagyň temasy bolmaly däldir” diýip, Brikmont Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda aýtdy.
ÝB Parlamentiniň başga bir agzasy Hannah Neýman sosial mediada ýazan maglumatynda Brýusselde “Talybanyň” bolmagyna rugsat bermek bilen “biz halkara derejesinde aýallary yzygiderli ezýän režimi kanunlaşdyrarys” diýdi.
Talybanyň berk gysyşlary dowam edýär
“Talybanyň” repressiýalarynyň hiç hili gowşamaýandygynyň alamaty hökmünde, aşa berk režim maý aýynyň ahyrynda 9 ýaşly gyzlaryň durmuşa çykmagyny kanunlaşdyrýan täze kanuny kabul etdi. Şeýle-de, “Talybanyň” ýolbaşçysy Molla Haýbatullah Ahundzadanyň hem smartfonlary ulanmagy gadagan edýän täze görkezmeleri çykarandygy habar berildi.
Mundan ozal “Talyban” häkimiýetleri salgytlary tölemekden boýun gaçyrandygy, ygtyýarnamasynyň ýokdugy we ýaýlym hiliniň pesligi sebäpli ýene üç radiostansiýanyň ýapmak barada buýruk çykardy.
Şol buýrukda “Talyban” beýleki radiostansiýalary hem öz programmalaryny “Yslam ýörelgelerine we ahlagyna” laýyk getirmäge çagyrdy.
“Serhetsiz Reportýorlar” guramasynyň (RSF) maglumatlaryna görä, “Talyban” tarapyndan dolandyrylýan Owganystan Dünýä metbugat azatlygy indeksinde 175-nji orny eýeledi. Diňe Saud Arabystanyna, Eýrana, Hytaýa, Demirgazyk Koreýa we Eritreýa bu görkezijiden has pes baha berildi.
Birleşen MiIlletler Guramasynyň ýörite wekiliniň orunbasary we BMG-niň Owganystandaky missiýasynyň ýolbaşçysy Georgette Gagon 8-nji iýunda guramanyň Howpsuzlyk Geňeşine beren maglumatynda 7-18 ýaş aralygyndaky takmynan 3,8 million owgan gyzynyň mekdebe gidip bilmeýändigini aýtdy.
Ol her ýyl takmynan 250 müň gyzyň orta bilim almak ulgamyndan hemişelik çykarylýandygyny we munuň “zehinleri we mümkinçilikleri ýitiren nesli" döredýändigini aýtdy.
Owganystanly arza berijileriň akymy
Bosgunlar we sürgün edilenler boýunça Ýewropa Geňeşiniň maglumatlaryna görä, “Talyban” 2021-nji ýylyň awgust aýynda Kabuly basyp alandan bäri 1,6 milliondan gowrak owgan raýaty öz ýurduny terk edipdir. Geňeşiň aýtmagyna görä, Ýewropada owganlar bosgunlyk soraýan ikinji uly topar bolmagynda galýar. Birinji ýerde siriýalylar durýar.
Ýewropanyň Içeri işler we migrasiýa boýunça komissary Magnus Brunner ÝB-niň bilermenleriniň owganlary deportasiýa etmek boýunça “Talyban” bilen tehniki derejede gepleşikler geçirmek üçin Kabulda bolandygyny, sebäbi “[Talyban] bilen gatnaşyk gurmazlygyň ýagdaýyň gowulaşmazlygyna sebäp boljakdygyna” ynanýandygyny aýtdy.
Şol bir wagtda, Owganystanyň öňki parlament agzasy Fawziýa Kufi Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda halkara jemgyýetçiligi, şol sanda sebitdäki ýurtlar bilen gatnaşygyň “Talybany” höweslendirýändigine ynanýandygyny aýtdy.
“Olar halkara jemgyýetçiligi bilen näçe köp gatnaşsalar, aýallara şonça-da köp basyş edýärler” diýip, ol belledi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum