Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

AI: Eýranda ölüm jezasyna höküm edilýänler köpelýär


Brýusselde eýranly bosgunlar Eýranda adamlaryň jezalandyrylyp öldürilmegine garşy protest geçirýärler. Iýun, 2023 ý.
Brýusselde eýranly bosgunlar Eýranda adamlaryň jezalandyrylyp öldürilmegine garşy protest geçirýärler. Iýun, 2023 ý.

Soňky on ýylyň içinde dünýä boýunça adamlary temmi hökmünde jezalandyryp öldürmegiň derejesi ozal görlüp-eşidilmedik derejä ýetdi diýip, adam hukuklaryna gözegçilik edýän Amnesty International guramasy mälim etdi.

29-njy maýda çap edilen hasabatda adamlaryň has köp Eýranda jezalandyrylyp öldürilendigi bellenilýär. Maglumata görä, 2023-nji ýylyň dowamynda dünýä boýunça 1 müň 153 adam jezalandyryp öldürilipdir. Bu hasaba Hytaýda jezanyň bu görnüşine höküm edilendigine ynanylýan müňlerçe adam goşulmady. Soňky görkeziji 2022-nji ýyldaky sanlardan 30% ýokarydyr.

Amnesty International Eýranda häkimiýetleriň ölüm jezasyny “haklda gorkyny ornaşdyrmak we häkimiýeti has köp öz elinde jemlemek” üçin ulanýandygyny belleýär. Geçen ýyl yslam respublikasynda azyndan 853 adam jezalandyrylyp öldürilip, bu san mundan ozalky ýyl bilen deňeşdirilende 48% ýokarydyr.

“Adamlary jezalandyryp öldürmek boýunça iň uly görkezijiler Eýranda hasaba alyndy. Eýranyň häkimiýetleri adam ömrüne doly biperwaýlygyny görkezýär” diýip, Amnesty International guramasynyň baş sekretary Agnes Kallamard aýtdy.

XS
SM
MD
LG