“Al-Kaýda” jeňçi toparynyň Ýemendäki şahamçasynyň lideri öldi. Bu barada jeňçi topary 10-njy martda mälim etdi, emma başga goşmaça maglumat bermedi.
ABŞ-nyň hökümeti jeňçi toparyna ençeme ýyl ýolbaşçylyk eden Khalid al-Batarfiniň kellesi üçin 5 million dollar möçberinde pul baýragyny yglan edipdi.
“AKAP” gysga ady bilen hem tanalýan bu topar “Al-Kaýdanyň” düzümindäki iň howply şahamçylarynyň biri hasaplanýardy. Ol “Al-Kaýda” toparynyň esaslandyryjysy Osama bin Ladeniň öldürilmeginden hem soň öz hereketlerini dowam etdirdi.