Gazagystanyň Baş prokuraturasy 28-nji maýda Almaty şäher polisiýa müdirliginiň başlygynyň öňki orunbasary Berik Abilbekowyň tussag edilendigini aýtdy. Ol 2022-nji ýylyň ýanwarynda hökümete garşy guralan we adam pidalaryna getiren görlüp-eşidilmedik protestler wagtynda ýüz urlan adam gynamalarynyň derňewiniň çäginde saklandy.
Baş prokuraturanyň habarynda hiç bir jikme-jiklik aýdylmady. Emma muňa garamazdan, Orda.kz neşiri meşhur gyrgyz sazandasy Wikram Ruzahunowyň aklawçysy Rena Kerimowa salgylanyp, Abilbekowyň tussag edilmeginiň onuň müşderisiniň urulmagy we gynalmagy bilen baglanyşyklydygyny habar berdi.
Gazak tussaglygynda döşüne şikes ýeten, gapyrgalary döwlen, beýnisi sarsan we köp sanly ýara alan Ruzahunow gazak resmileri onuň Almatyda urlup-ýenjilmegini derňäp başlanyndan soň birnäçe gezek Gazagystana geldi. 2022-nji ýylyň ýanwar aýynyň başynda Gazagystanda ýangyç bahasynyň birden aşa ýokarlanmagy hökümete garşy görlüp-eşidilmedik protestleriň döremegine sebäp boldy.
Prezident Kasym-Žomart Tokaýew şol wagt ýurtda dörän ýagdaýy daşary ýurtlarda tälim alandygy aýdylýan "20,000 ekstremisti" günäkärlemek bilen düşündirmäge çalyşdy. Ýöne ol bu aýdanlaryny tassyklaýan subutnama görkezmedi.