Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Almatyly aklawçy agyr ýol hadysasy baradaky bellikleri üçin tussag edildi

Adilethan Moldahan
Adilethan Moldahan

Almatyly aklawçy, sosial mediada millionlarça yzarlaýjysy bolan Adilethan Moldahan, ýerli metbugatyň habarlaryna görä, polisiýa tarapyndan saklanyp, deslapky tussaghana ýerleşdirildi.

Almaty polisiýa bölüminiň metbugat üçin ýaýradan habarynda aýtmagyna görä, Moldahan bilkastdan ýalan maglumat ýaýratmakda güman edilip saklandy.

Polisiýa onuň anyk haýsy beýanaty ýa pikiri üçin aýyplanýandygyny anyklaşdyrmady.

Moldahan bir gün öň sosial mediada Almaty şäheriniň Al-Farabi köçesinde bolan we üç adamyň ölümine getiren agyr ýol-ulag hadysasy barada giňişleýin gürrüň etdi.

Almatyda bolan ýol hadysasy üç adamyň ölümine sebäp boldy
Almatyda bolan ýol hadysasy üç adamyň ölümine sebäp boldy

Hukuk bloggeri gijelerine guralýan ýaryşlara hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň gatnaşygy barada aýdylýan wideolary çap etdi. 7 million tomaşaçy çeken wideoda käbir polisiýa işgärlerine garşy aýyplama bildirildi.

21-nji marta geçilýän gije Almatynyň Al-Farabi köçesinde “Zeekr” elektrik ulagy bilen “Mersedes” ulagynyň çakyşmagy netijesinde üç adam öldi.

Polisiýanyň maglumatyna görä, “Zeekr” elektrik ulagynyň sürüjisi günbatar tarapa barýan wagtynda, Mendikulowa köçesi bilen çatrykda, “Mersedes” ulagynyň gelýän ýoluna çykypdyr.

XS
SM
MD
LG