Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Alty ýaşly türkmen Hollandiýada gark boldy


Alty ýaşly Abdurahman Aşyrow we onuň gark bolan köli.
Alty ýaşly Abdurahman Aşyrow we onuň gark bolan köli.

Alty ýaşly Abdurahman Aşyrow Hollandiýanyň Brabant sebitindäki kölde gark boldy diýip, “Turkmen.news” Ad.Nl neşirine salgylanyp habar berýär.

Ene-atasy bilen Ukrainadan gelen we Oss şäherindäki bosgun düşelgesinde ýaşaýan oglan 14-nji iýunda, maşgalasy De Lithse Ham kölüniň boýunda dynç alýan wagtynda suwa düşüp oýnapdyr.

Kölüň kenarynda dynç alýan ene-ata idili ýüzüp bilmeýän çaganyň ýitirim bolandygyna agşam sagat 7 töwereginde göz ýetirýär.

Kölde we onuň töwereginde başlanan gözleg işleri bütin gije dowam etdi, bu işe halas ediş gullugynyň suwa çümüjileri, polisiýa dikuçary hem gatnaşdy diýip, habarda aýdylýar.

Çaganyň jesedi 15-nji iýunda günortan, kölden tapyldy, häzir bu ýer suwa düşmek üçin ýapyk diýip, garaşsyz neşir ýerli metbugata salgylanyp ýazdy.

Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki metbugaty adatça ýurt içinde ýa daşynda heläkçilige uçran raýatlary barada maglumat bermeýär.

XS
SM
MD
LG