Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Halkara bilim guramasy türkmen studentlerini Prep4Success maksatnamasyna çagyrýar


Türkmen studentleri
Türkmen studentleri

Türkmen studentleriniň ABŞ ÝOJ-laryna girmeklerine kömek etmek maksady bilen guralýan 18 hepdelik intensiw “Prep4Sucess” maksatnamasy üçin arzalar kabul edilip başlandy diýip, ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berýär. Bu maksatnama American Councils halkara bilim guramasy tarapyndan dolandyrylýar.

“Prep4Success” programmasy studentleri ABŞ kollejleriniň köpüsinde talap edilýän synaglara, TOEFL we SAT ýaly standartlaşdyrylan synaglara taýýarlamagy maksat edinýär. Şeýle-de, gatnaşyjylar akademiki iňlis dilini güýçlendirmek, amerikan ÝOJ-laryna ýüz tutanlarynda zerur bolan bilimleri almak mümkinçiligine eýe bolarlar.

Bu maksatnama häzirki wagtda ýokary bilimi bolmadyk we orta ýa-da ýokary derejede iňlis dilinde gürleýän, türkmen mekdeplerini tamamlan adamlar gatnaşyp bilýär.

Gatnaşmak isleýänleriň, tabşyryklary kabul etmek we tabşyrmak üçin kompýuter, planşet ýa-da smartfon arkaly hemişe internet elýeterliligi bolmaly.

Bu programma gatnaşmak baradaky maglumatlary dolulygyna ilçihananyň wep sahypasyndan tapyp bilersiňiz.

XS
SM
MD
LG